
C witamini uly ähmiýete eýedir. Bu witamin, esasan, sitrus miweleri bolan limonda we pyrtykalda, kiwide, gök almada, ýertudanada, ysmanakda, kelemde, gara smorodinada, böwürslende, turpda, şawelde, süýji we ajy burçlarda köp duş gelýär. Şeýle-de, immun ulgamyň işjeňligi üçin mikroelementleriň gündelik bedene ýeterlik mukdarda düşmekligi hökmandyr.
Maglumatlara görä, dünýäde adam saglygyna täsir edýän esasy howplaryň biri-de nädogry iýmitlenme we fiziki işjeňligiň pesligidir. Sagdyn iýmitlenmek adam bedeniniň kesele garşy goraýjylyk ukybyny beýgeldýär.
Häzirki wagtda tutuş dünýäde ilat arasynda semizligiň görkezijileri gün-günden artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, her bir adamynyň iýýän önümlerine aýratyn üns bermegi we özüniň sagdyn iýmit düzümini dogry düzmegi hökmandyr.
Gündelik iýmitleneniňizde, gök önümleri, miweleri, hozlary, kösükli we däneli önümleri goşmaly. Biziň ýurdumyz ekologiýa taýdan arassa ir-iýmişlere baý ülke. Şolaryň üsti bilen adam bedeninde C, B1, B2, P, E, A witaminleri, kalsiý, demir, marganes, kaliý, fosfor, kükürt, ftor, hrom, sink mikroelementleri saklanýar. Iýmitiňizde ýaglary, şekeri we beýleki süýji önümleri azaltmaly. Kletçatkalara baý gök we bakja önümlerine, miwelere, ir-iýmişe, ter gök otlara ürç etmeli. Naharlary, mümkin boldugyndan, gowrup däl-de, gaýnadyp ýa-da buglap iýmeli. Iýmitiňizde tüssä kakadylan, duza ýa-da sirkä ýatyrylan önümleri çäklendirmeli. Balyk we balyk önümleri iýmitiň düzümine hökman goşulmaly. Ol Omega-3 poli doýgun däl ýag turşularynyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir.
Sagdyn iýmitlenme — bu witaminleriň hem-de minerallaryň ýeterlik mukdaryny özünde jemleýän, uglewodlaryň, beloklaryň, ýaglaryň özara gatnaşygynyň deňagramlylygyny saklaýan görnüşinde bolup, onda önümler özüniň adam bedenine peýdalylygy boýunça ýerleşýär.
Meňli SERDAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.