Sagdyn durmuşSlider

Atçylyk sporty we saglyk

28-04-2023 / 13

Öňümizdäki ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy belleniler. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ýakyn syrdaşyna öwrülen bedewlerimiziň baýramy iň arzyly şanly senelerimiziň biridir.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde atly gezelençleri gurnamak üçin taryhy ýadygärlikler, özboluşly ajaýyp türkmen tebigaty, aýratyn-da, köpsanly gamyşgulak bedewlerimiz bardyr. Sportuň bir görnüşi hökmünde ykrar edilen at münmek boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Milli mirasymyzyň meşhur lukmany Abu Aly ibn Sina at münmegiň tutuş bedeni işjeňleşdirýändigi barada belläp geçipdir. Alym Selsiý bolsa, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. ХХI asyrda alymlar ýokary derejede duş gelýän emosional dartgynlyklary we ronch ýagdaýlary at münmek bilen aýryp bolýandygyny subut etdiler.

Atçylyk sportunyň saglyk üçin peýdaly taraplary:

  • Adamyň at bilen ýönekeý aragatnaşykda bolmagy hem ýokary derejede oňyn duýgulary döredip, birnäçe keselleri bejermekde kömek edýär.
    • Atçylyk sporty daýanç-hereket ediş ulgamynyň näsazlyklary bilen baglanyşykly dürli keseller bilen kesellän adamlar üçin uly kömekdir.
    • Sportuň atçylyk görnüşi bilen meşgullanýanlaryň ukusy kadaly bolup, nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär.
    • Bedeniň ähli myşsalary işe gatnaşýandygy sebäpli, ata münenden soň adam özüni has güýçli duýýar.
    • Arassa howada atly gezelençden soň adamyň şähdi açylyp, ruhubelent bolýar.
    • Ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Atly gezelençden soň ýüregiň ýygrylyş ýygylygy kadalaşýar. Netijede, bedeniň kislorod üpjünçiligi gowulanýar. Bu bolsa ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär.
    • Bedeniň artyk agramyny aýyrmakda atly gezelenjiň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda käbir adamlarda hereketiň azlygy netijesinde metaboliki sindrom, semizlik duş gelýär. Şeýle näsazlyklaryň öňüni almakda atçylyk sporty has-da netijelidir.
    • Atly gezelenç etmek işjeň ýöremek bilen deňdir. Adam aty erkin çapýan wagty bogunlara we oňurga täsiri çalt ýöreýşe, ylgawa seredeniňde az duýulýar, ýöne şol bir wagtda deňagramlylygy saklamak üçin myşsalaryň ähli toparlary işe gatnaşmaly bolýar.
    • Elleriň, aýaklaryň doly we doly däl ysmazy, hereket deňagramlylygynyň bozulmagy, oňurga gyşarmalary, göwräni dik ronc ýagdaýynyň bozulmalary ýaly kesellerde bulardan başga-da, ýüregiň işemiýa keselinde, madda çalşygynyň bozulmalarynda, ronchial dem gysmada, we getodamar näsazlyklarynda, içege kesellerinde, babasylda, akyl taýdan yza galmada, jyns mäzleriniň patologiýasynda bejeriş häsiýetli atly gezelenç maslahat berilýär.
    • Atyň rahat ýagdaýynda bedeniniň temperaturasy adamyňkydan 1,5 gradus ýokarydyr. At hereketlenende onuň temperaturasy has ýokarlanýar, bu bolsa at bilen galtaşýan adamyň myşsalaryna oňyn täsir edýär we ganaýlanyşy has-da gowulandyrýar.

Atly gezelenç adamyň bedenine toplumlaýyn oňaýly täsir edýän sportuň bir görnüşidir.

Näsaglaryň hassahana şertindäki bejergisinden soň at üstündäki açyk howada gezelençleriň gurnalmagy ýokarda agzalan keselleriň bejergisinde aýratyn orun tutýar. Bejergi alýanyň umumy ýagdaýlaryna we keseliň görnüşine görä at üstündäki gezelençleri gurnamak üçin öň münülýän, ýuwaş häsiýetli, synasy sagat, süňňi bekän atlar saýlanyp alynýar. At münmek üçin:

  • ilki at bilen öwrenişmeli;
    • bejergi alýan näsag atyň üstündäki ýagdaýy (oturyş, ýatyş) öňünden kesgitlemeli.

Beýleki fiziobejergiler bilen utgaşdyrylyp, gezelençleriň dowamlylygy kem-kemden artdyrylýar. At üstündäki gezelençlerden soň näsagyň gan basyşy kadalaşyp, nerw-myşsa geçirijiligi gowulanýar, rahatlylyk, şähdaçyklyk, ruhubelentlik, keselden sagalma ynamy döreýär. Atçylyk sporty bilen meşgullanýanlar daýanç-hereket, nerw, ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinden daşda bolýarlar.

Umuman, at üstündäki gezelençleri etmek, sportuň görnüşi hökmünde meşgullanmak ähli ynsanlara saglyk eçilýär, behişdi bedewlerimize bolan duýgulary oňyn terbiýeleýär. Atly gezelençleri lukmançylyk amalyýetinde giňden ulanmaga ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar.

Serdar ÖWEZGELDIÝEW,
Lebap welaýat Onkologiýa hassahanasynyň onkohirurg lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu