Sagdyn durmuşSlider

Çagalarda iýmitlenmek medeniýeti

20-04-2023 / 137

Çagalaryň gigiýeniki terbiýesi ömrüniň ilkinji günlerinden başlap, mekdep döwründen öň hem-de onuň dowamynda kämilleşýär. Ol arassaçylyk medeniýetine esaslanýar we ata-eneler, mugallymlar, saglyk işgärleri tarapyndan berkidilýär.

Arassaçylyk medeniýetiniň arasynda iýmitlenmek medeniýetiniň endikleri uly orun tutýar. Mekdebe çenli döwürde  bu endiklere aýratyn üns berilýär we çaga ony özüne endik edinýär. Kada bolşy ýaly, çagalar bagyna gatnaýan döwründe çaga olary doly özleşdirýär. Çaga nahary dogry iýmegi we nahar wagtynda özüni dogry alyp barmagy öwretmeli. Işdäniň gowy bolmagyna, gözellik duýgusynyň ösmegine saçagyň bezegi hem uly täsirini ýetirýär. Ata-ene çagasyna öýüň tertip-düzgünini öwretmeli. 

Çaga saçagy bezemegi heniz mekdebe barmanka öwredilse gowy. Şonda  käseleri, çemçeleri, çöregi, işdäaçary saçaga  goýmagy başarar. Çaga iýmiti mazaly çeýnemeli. Ýöne ol juda haýal, ysgynsyz hem iýmeli däl. Gaty iýmiti işjeň çeýnemek bütin çeýneýji agzalar üçin maşk hökmünde hyzmat edýär. Bu bolsa hemişelik dişleriň çykmagyna uly täsirini ýetirýär. Hemişelik dişler, adatça, 6-7 ýaşdan başlap, 14-15 ýaşa çenli çykýar.

Çaga nahary iýip bolansoň, agzyny, elini ýuwmagy we süpürmegi endik etdirmeli. Ýetginjekleriň gündelik iýmit paýyndan eti, balygy, doragy, süýdi aýyrmaly däl, sebäbi olar bedeniň ösmegi üçin zerur bolan belogyň esasy çeşmeleri bolup hyzmat edýär. Ýaglar — ösümlik ýaglary bolmaly. Ýiti tagam berijilere we duza ýykgyn etmeli däl.  Gowrulan tagamlar seýrekleşdirilmeli, gaýnadylan we buglanan tagamlar bolsa has peýdalydyr.

Kadaly iýmitiň üç sany esasy ýörelgesini bilmek gerek: birinji ýörelge — bu iýmit paýynyň kuwwat gymmatynyň bedeniň ortaça bir gije-gündiziň dowamyndaky kuwwat sarp etmelerine deň gelmegidir. Bu ýerde çaganyň jynsy we ýaşy uly orun tutýar. Näçe kuwwat sarp edilen bolsa, şonça kuwwat hem iýmitiň üsti bilen bedene barmaly.

Ikinji ýörelge — bu iýmitiň dürli-dürlüligidir, ol bedeni zerur bolan iýmit maddalarynyň ählisi bilen üpjün etmeli. Çagalaryň bedeni düzüminde belogy saklaýan iýmite mätäçdir. Süýde, doraga, süýtturşy önümlerine aýratyn orun berilýär, sebäbi olar diňe bir belogyň däl, eýsem kalsiý duzunyň esasy çeşmesi hökmünde hyzmat edýär. Iýmit paýyna ýaglary-da goşmaly. Çaganyň iýmitinde her gün gök önümler, miweler bolmaly. Olaryň üsti bilen bedene witaminler, mineral duzlar barýar, olarda iýmit süýümleri bar, munuň özi gowy iýmit siňdirişi üpjün edýär. Pasyllaýyn önümleri, milli tagamlary ulanyp, iýmit sanawyny dürli-dürli etmäge ymtylmaly.

Üçünjiden, çagalar baglarynda we öý şertlerinde iýmitiň mümkin bolan tertip-düzgünini saklamaly. Iýmitlenmegiň arasynda 3-4 sagatdan köp arakesme salmaly däl. Günüň dowamynda diňe 4-5 gezek iýmitlenmeli.

Akyljan PÄLWANOWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň hojalyk müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu