Sagdyn durmuşSlider

Rahat uky almak üçin limon goýuň!

17-04-2023 / 18

Limony kesip, düşegiňiziň töweregine goýup gördüňizmi? Limony kesip, düşegiňiziň gapdalynda goýmak saglygyňyz üçin diýseň peýdalydyr.

Limon köp bejeriş aýratynlyklary bilen meşhurdyr. Onuň ysy ählimizi rahatlandyrýan bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, ysyndan başga-da, saglyga köp birnäçe peýdasy bar. Limonda C witamini bolany üçin köp peýdasynyň bardygy bize mälim. Biz ony çaýa, nahar bişirilende ýa-da sowuklamany bejermekde ulanýarys. Şeýle-de bolsa, limonyň ajaýyp aýratynlyklary bar.

Birnäçe limony kesip, ýatmazdan ozal düşegiňiziň gapdalynda goýuň. Bilermenler limon dilimini düşegiňizde saklamagyň saglyga peýdalydygyny subut etdiler:

  1. Dynç alýarsyňyz we tiz uklaýarsyňyz. Ukusyzlykdan ejir çekýän bolsaňyz, limonyň bir bölegini düşegiňize goýup görüň. Özüňizi rahat duýup, has gowy uky alarsyňyz.
  2. Has sagdyn bolarsyňyz. Limonyň ysy antibakterial we güýçlendiriji häsiýete eýedir. Limonyň ysy aňsat uklamaga kömek edýär.
  3. Gan basyşyňyzy peseldýär. Limon gan basyşyňyzy hem peseldýär. Şonuň üçin dowamly ýokary gan basyş meselesi bar bolsa, limon iň gowy goldawçyňyz bolup biler.
  4. Stressi ýeňilleşdirýär. Limonyň ysy stresden çykmaga ýardam berýär. Ýagny stres derejäňizi peseldýär we duýgyňyzy gowşadýar. Şeýle hem, gijäniň dowamynda rahat uky almaga kömek edýär.
  5. Ünsüňizi artdyrýar. Limonyň başga bir ajaýyp aýratynlygy bolup, her gün onuň ysyndan dem alsaňyz, işiňize has köp üns berersiňiz. Akyl işjeňligiňiz we ýadyňyz gowulaşar. Limonyň ysy, oýananyňyzda işlemäge we has täsirli hereket etmäge mejbur eder.
  6. Mör-möjeklerden goraýar. Çybynlar limonyň ysyny halamaýarlar. Limonyň mör-möjeklere garşy göreşijilik häsiýetleri hem bardyr. Şonuň üçin ukyňyz köplenç çybynlar we mör-möjekler bilen kesilse, düşegiňiziň gapdalynda bir dilim limon goýuň.
  7. Bedeniňizde serotoniniň derejesini ýokarlandyrýar. Limon bedeniňizdäki serotoniniň derejesini ýokarlandyryp, has gowy uklamaga kömek edýär. Gowy uky, ertesi irden has köp dynç aljakdygyňyzy aňladýar.
  8. Howanyň hilini ýokarlandyrýar. Limon dilimleri otagyňyzyň howasyny täzeleýär we howanyň hilini ýokarlandyrýar.

Kerwen ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu