
Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, «Türkmendöwletdermansenagat» birleşiginiň hünärmenleriniň öňünde ylmy barlaglary ösdürmek, ösümliklerden dermanlyk çig maly öndürmek hem-de serişdeleri taýýarlamak, derman serişdeleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak, ýurdumyzdaky çig mallardan täze serişdelerini işläp taýýarlamak wezipeleri goýuldy.
Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän derman serişdeleriniň 200-den gowragy öndürilýär, olaryň 30-dan gowrak görnüşi dermanlyk otlardyr we olardan ýygnalyp alnan serişdelerdir. Alyçlar gülleýän we miweleýän möwsüminde örän owadan görnüşe eýe bolýar. Gülleýän döwründe ösümligiň üsti ak güller bilen örtülýär. Ol bezeg beriji ösümlik bilen birlikde, dermanlyk häsiýetine-de eýedir.
Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümikleri“ atli köpjiltli kitabynda giňden beýän edilen alyçdyr. Köp dürli agaçlar bilen bir hatarda, alyçlar açyk güneşli ýerlerde gowy ösýär, yssa we guraklyga çydamlylygy, howanyň hapalanmagyna, zeper ýetirijilere durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Alyç ösümligi halk lukmançylygynda giňden ulanylyp, ol ynsan saglygyny dikeltmekde ähmiýetlidir. Onuň güli degnany rahatlandyrýar, ýürek-damar bozulmalarynda haýyrly. Gan basyşy bilen merkezi degna ulgamynyň gyjyndyryjylygyny peseldýär, ýüregiň we beýniniň damarlarynda gan aýlanyşyny güýçlendirýär. Miwesinden taýýarlanan şiresi kardiowalen dermanynyň düzümine girýär. Ösümligiň dermanlary şerbet şiresi, ýürek işjeňliginiň bozulmasynda, gan basyşynyň ýokarlanmasynda başlangyç bejergi serişde hökmünde giňden ulanylýar. Onuň miwesinden mürepbe, hoşboý ysly çaýlar taýýarlanylýar.
Şükürjan HUDAÝBERENOWA,
Darganata etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.