Sagdyn durmuşSlider

Uzak ýaşamaga täsir edýän gen

06-04-2023 / 12

Amerikan biologlary uzak ýaşly adamlaryň beýnisiniň ýitileşmegine täsir edýän sebäpleri ýüze çykardylar. Bu barada «RIA» habarlar gullugy habar berýär.

Bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesinde, ýaşy ýüzden ýokary bolan adamlaryň bedeninde beloklary düzgünleşdirýän «Forkhead box O3» umumy geniň bardygy anyklanyldy. Ýagny, «uzak ýaşamaga täsir edýän bu geniň» beýniniň ösüntgili öýjüklerini garramakdan goraýandygy anyklanylypdyr.

Lukmançylyk ylmynyň degişli hünärmenleri ylmy-barlag işleriniň netijesini «Nature Communications«» ylmy žurnalynda çap etdiler. Bu gen degişli hünärmenlere öňden mälimdi, emma geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň esasy wezipesi anyklanyldy.

Ösüntgili öýjükler adamyň bütin ömrüne maglumatlary özleşdirmäge we ýatda saklamaga ýardam berýän täze öýjükleri emele getirýär. Bu gen ruhy sarsgynyň netijesinde şol öýjükleriň dargamagynyň öňüni alýar. Haçan-da bu gen işjeň ýagdaýa geçende adamyň immuniteti herekete geçýär we öýjükler bölünip başlaýar. Şeýle-de, bu ugurda ABŞ-nyň Kornel we Dýuk uniwersitetleriniň alymlary iş alyp bardylar.

Jemşit BABANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu