
Adamyň beýnisinde howanyň ýagdaýyna görä üýtgeýän gormonlar bar. Atmosfera basyşy birdenkä üýtgände, çyglylyk derejesi ýokarlananda ýa-da peselende we şuňa meňzeş tebigy-howa şertleri üýtgände adam bedeni gormonal özgermelere uýgunlaşmaga ýetişmeýär. Netijede, ähli ulgamlarda, aýratyn hem ýürek-damar we nerw ulgamlarynda näsazlyklar ýüze çykýar. Bu ýagdaý, ylaýta-da üýtgemelere duýgur adamlara ýaramaz täsir edýär.
Gün işjeňliginiň ýokarlanmagy netijesinde adamlarda ýürek-damar ulgamynyň işi bozulýar, muňa ýürek ritminiň üýtgemegi sebäp bolýar. Puls seýrekleşýär ýa-da çalt urýar. Gan goýalýar, lagtalanýar, netijede gan aýlanyş peselip, bedeniň öýjüklerine kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ganda adamyň bioritmlerini we immunitetini goldaýan melatoniniň mukdary azalýar. Bu bolsa gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Kelle beýnisine we nerw uçjagazlaryna howanyň ýeterlik barmaýanlygy sebäpli adamyň keýpi gaçýar, sussy peselýär, ukusy bozulýar, bogunlary, kellesi, etleri agyrýar. Arterial gan basyşy üýtgäp durýar. Ganda adrenaliniň derejesi ýokarlanýar, dartgynlylyk ýagdaýlaryna durnuklylyk döredýän melaniniň işlenip çykarylyşy peselýär.
Bedende bolup geçýän şeýle üýtgemeler çakyza, ýüregagyry tutgaýylarynyň tutmagyna, insultyň, miokardyň infarktynyň döremegine, depressiýanyň, ruhy näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär.
Howanyň üýtgemegine ýokary duýgurlykdan bütinleý dynmak mümkin däldir. Bedeni tebigy hadysalaryň we howa şertleriniň duýdansyz üýtgemeginiň täsirinden goramak üçin käbir düzgünleri doly we dogry berjaý etmek gerek bolup durýar. Howanyň ýagdaýy we geomagnit hadysasy barada deslapdan habar beriji maglumatlar bilen yzygiderli tanşyp durmaly. Bu hadysanyň bolmagyna garaşylýan we bolup geçýän döwründe agyr fiziki işleri etmekden, sportuň agyr görnüşleri bilen meşgullanmakdan, dartgynly meseleleri çözmekden, stres döredýän ýagdaýlardan gaça durmaly. Işiň arasynda käte oturyp, dynjyňy almaly, ýönekeý beden maşklaryny ýerine ýetirmeli.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.