Sagdyn durmuşSlider

Welosiped sür — sagdyn bol!

01-04-2023 / 10

Türkmen halky sporta we beden saglygyna üns berýän, sagdyn milletdir. Munuň şeýledigini her ýylyň aprel aýynda sport aýyny geçirmegiň däbe öwrülmegi, sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, welosipedli ýörişleriň guralmagy ýaly çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilmegi hem subut edýär. Biz hem welosport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti, welosiped sürmäge türgenleşmek barada durup geçmekçi.

Welosiped sürmegiň ynsan bedenine täsiri lyžada typmak, ylgamak, pyýada  ýöremek, suwda ýüzmek ýaly ähmiýetlidir. Welosiped sürende hereketler köp gezek gaýtalanýar we oňa aýak we beden myşsalary gatnaşyp, energiýa sarp edilmegi netijesinde ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işi gowulanýar.

Welosiped sürüp barýan adamyň keýpi çag bolýar, kalbyny ajaýyp duýgular eýeläp, ol ynsan saglygyna oňyn täsirini ýetirýär we bedeni bişişdirýär, adamy syratly edýär. Ýene-de bir bellemeli zat, welosiped sürende aýak myşsalaryna  uly agram düşmeýär. Şonuň üçinem ol uly ýaşly adamlara-da amatly hasaplanýar.

Welosipedi ilki 2-3 kilometre sürmekden başlamaly. Soňra 2-3 hepdäniň dowamynda 7-8 kilometre köpeldip barybermeli.

Hepdede iki gezek welosipedde gezelenç etmegi şahsy rejäňe girizmek saglyga peýdaly täsir edýär.

Welosiped sürýän adam sürmegi oňat ele alansoň tizligi artdyryp, kemeldip biler. Şeýle hem welosipedli uzagrak ýola çykylanda aýaklara, ellere dynç bermeli. Aýaklara, boýna, bütin bedene gimnastika maşklaryny edip dynç aldyrmak bolar.

Umuman, halkymyzyň, ýurdumyzyň, döwletimiziň ösüşinde aýratyn möhüm orun eýeleýän ajaýyp döwrümizde beden taýdan we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek wajyp wezipedir.

Aýlar SEÝITNYÝAZOWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu