
Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanylýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.
Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma örän peýdalydyr.
Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagyna eltýär. Alymlar süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmegi maslahat berýärler.
Ýatmazdan öň alma iýmegiň rahat uklamagymyz üçin ähmiýeti uludyr.
Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde hem giňden ulanylypdyr.
Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmeleriň ynsan bedenindäki suwuklyklaryň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.
Oguljan OMAROWA,
TOHI-niň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.