
Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy taýdan sagatlygyny üpjün edýär.
Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alnan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar-gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.
Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan daşary, güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden agdygrak bölüp çykarýar.
Bedene derwaýys suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw, duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly.
Gün içinde dört-bäş gezek dürli tagamlardan az-azdan naharlanmaly. Gapdalyndan gök önümler iýilse, miweleriň şerbetleri, arassa suw içilse, haýyrly.
Naharlanylanda, howlukman, oňat çeýnelip ýuwdulsa, has gowy. Aşgazan mäzleriniň çykarýan şiresiniň zerur jisimleri işläp taýýarlaýşy bozulmaz ýaly, nahar wagty iş-aladalary unutmaly. Çaýy nahardan ýarym sagat soň içmeli.
Nahardan soň, bir sagada golaý açyk howada, aýratyn hem agşamlyk gezim edilse, siňişe ýaramly.
Narmyrat HANGELDIÝEW,
TOHI-niň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlyk (oba hojalygynda) hünäriniň 1-nji ýyl talyby.