
1. Burj Al Arab, Dubaý
Burj Al Arab dünýädäki iň beýik we kaşaň myhmanhana hökmünde ykrar edildi. Ýedi ýyldyzly, altmyş gatly bu bina deňiz derejesinden 321 metr beýiklikde ýerleşip, reňkli yşyklandyrylan ýelkenli gämä meňzeýär. Ajaýyp dizaýn, tans çüwdürimleri, ullakan akwariumlar, hakyky altyndan kaşaňlanan ajaýyp otaglar göreni haýrana galdyrýar.
2. Katrin köşgi, Sankt-Peterburg
Ýelizaweta Petrowna tarapyndan häzirki zaman keşbinde täzeden gurlan mawy binaly Beýik Katrin köşgi dünýäniň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Bu bina gelýänleriň köpüsi, täsirli köşgüň ýerleşýän ýeri bolan Sankt-Peterburgyň golaýyndaky Puşkin şäherine, dünýäniň sekizinji täsinligi hökmünde tanalýan meşhur Amber otagyny görmek üçin gelýärler. Ýöne köpler üçin bu ýerdäki iň ýakymly görnüş, binanyň Katrin II-iň söýgüli binagäri Çarlz Kameron tarapyndan döredilen ajaýyp nusgawy stil ganatydyr.
3. Bilbao, Ispaniýa
Amerikaly binagär Frank Gehri tarapyndan döredilen Guggenheim muzeýi 20-nji asyr arhitekturasynyň iň täzeçillik ideýalarynyň ajaýyp mysalydyr. 24,000 m.kw meýdanyň 11,000 m.kwadraty sergi meýdançasyna bagyşlanan muzeý batyrgaý konfigurasiýa we innowasiýa dizaýnynyň binagärlik nyşany bolup, sergide görkezilýän sungat eserleri üçin özüne çekiji fon döredýär. Bu bina dünýäniň häzirki zaman binagärligine we muzeýlere bolan garaýşyny üýtgetdi we Bilbao senagat şäheriniň täzeden döremeginiň nyşanyna öwrüldi. Muzeý gün şöhlesiniň reňkini üýtgedýän tolkunly çyzyklar bilen titandan ýasaldy.
4. Uly metjit, Djenne, Mali
Afrikanyň iň gadymy şäherleriniň birinde, Saharanyň günortasynda ýerleşýän Djenne şäherinde ýerleşýän, gadymy rimlileriň ulanşy ýaly, palçyk ulanýan Afrika taýpasy tarapyndan palçyk kerpiçden gurlan bu bina göreni haýrana galdyrýar. Bir wagtlar gülläp ösen söwda şäheriniň merkezinde bu sebitde b.e.öň XIII asyrda metjitler gurlupdyr. Uly metjit ýa-da Djenne şäheriniň beýik metjidi 1906-njy ýyldan başlap, dünýädäki palçykdan gurlan iň uly bina hasaplanylýar. 1988-nji ýylda bu metjit ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Binanyň minaralary hasyllylygy we şowlulygy alamatlandyrýan düýeguş ýumurtgasy bilen bezelipdir.
5. Täj Mahal, Hindistan
Mogol imperatory Şah Jahan bu binany 1632-nji ýylda söýgüli aýalynyň jesedini jaýlamak üçin gurluşygyna başlady. Gurmak üçin 20 ýyl gerek bolan bu meşhur mawzoleý toplumy, hindi, pars we yslam täsirleri bilen Mogal binagärliginiň iň görnükli mysallaryndan biridir. Ýer ýüzündäki gün şöhlesine ýa-da aý şöhlesine baglylykda reňkini üýtgedýän ýalpyldawuk ak mermerden gurlupdyr. 1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy hökmünde bellenen Täj Mahal dünýäniň iň ajaýyp desgalarynyň biri we Hindistanyň baý taryhynyň haýran galdyryjy nyşany hasaplanýar.
Eneş ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.