Suwsamazlyk üçin selärlikde näme iýmeli? Energiýaňyzy saklamak üçin selärlikde näme iýmeli?
Remezan aýynda uzak wagtlap aç bolmak, bedende energiýanyň we konsentrasiýanyň peselmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de bolsa, selärlikde dogry iýmitlenmek bilen energiýaňyzy gorap bolar.
Ýumurtga. Sahurda gaýnadylan 1 ýa-da 2 ýumurtga, günüň dowamynda sizi dok saklar we energiýaňyzy gorar.
Hoz. Hoz selärligiň aýrylmaz iýmitlerinden biridir. Sebäbi uzak wagtlap dokluk duýgusyny üpjün edýär we açlyk sebäpli ýatdan çykaýjak zatlaryň öňüni alýar. Selärlikde iýýän 2-3 sany hozyňyz sizi agyz açara çenli özüňizi güýçli duýmagyňyza eltip biler.
Çia tohumlary. Çia tohumlarynda energiýaňyzyň gaçmazlygy üçin köp mukdarda süýüm, kalsiý, belok, antioksidantlar we omega 3 bar. Mundan başga-da, çia tohumlaryny süýt, gatyk ýa-da suw bilen garyşdyranyňyzda, suw bilen gatnaşyga girende doýma yzygiderliligine çişýär, sizi günüň dowamynda doly saklaýar.
Süle uny. Glisemiki görkezijisi pes bolan iýmitleri iýmek, gan şekerini deňleşdirmek üçin möhümdir. Selärlikde süle iýmek bilen, günüň dowamynda energiýaňyzy saklap bilersiňiz.
Süýt. Selärlikde bir stakan süýt içmek, günüň dowamynda belok we kalsiý zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Metabolizmanyň haýallaşmagynyň öňüni alýar.
Darçyn. Suwuňyza ýa-da ösümlik çaýyna selärlikde goşjak darçynyňyz, ganyň şekeriniň düşmeginiň öňüni alar we gündizine açlyk duýgusyny basyp ýatyrar.
Eýsem, gündiz suwsamazlyk üçin selärlikde näçe suw içmeli?
Gündiz suwsamazlyk üçin agyz bekli wagtynda azyndan 1,5-2 litr suw içmeli bolýarys. Şeýlelik bilen suwsuzlanmak meselesi azalýar. Hünärmenler, gipotoniýa bolanlara Remezan aýynda bedeniň elektrolit deňagramlylygyny saklaýandygy sebäpli, günde 1 çüýşe mineral suw içmegi maslahat berýär.
Gawun, garpyz, üzüm. Miwelerde belli bir mukdarda şeker, witaminler, minerallar we pulpa bar. Şekeriň köp bolmagy, çalt ajykmagyňyza getirýär. Esasanam, selärlikde gawun, garpyz, üzüm ýaly beýleki miwelerden has ýokary şeker bolan miweleri iýmäň!
Eneş ÖDEKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.