Syýahatçylyk

Geljegiň nusgalyk şäheri

23-03-2023 / 13

Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatarynda guruljak ekologiýa taýdan arassa şäheriň taslamany «Neom» kompaniýasy durmuşa geçirip, ony «The Line» diýlip atlandyrdy. «Biz bu şäheri geljegiň nusgalyk şäherine öwürmäge çalşarys» diýip, taslamany düzüjiler belläp geçýärler.

Taslamanyň esasy baş maksady gara ýollarsyz, awtoulagsyz we tämiz howaly ilatly nokady döretmekden ybaratdyr diýip, kompaniýanyň hünärmenleri habar berýärler. Şäher 170 km aralyga uzaýan zolagy emele getirip, 3 gatdan ybarat bolar.

Ýeriň üstki böleginde ýerleşýän birinji gatynda pyýadalar üçin ýodalar we ýaşaýyş, edara jaýlary gurlar. Ýeriň astyndaky ikinji we üçünji gatlaklarynda şäher infrastrukturasyny emele getirýän ulag we aragatnaşyk ulgamlary göz öňünde tutulýar. Onuň çäginde tebigatyň özboluşlylyklarynyň 95% saklanylyp galar. Taslamada şäher binagärligi we durmuş oňaýlyklary tebigat bilen umumy sazlaşygy emele getirer.

Maksat NOBATOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu