Syýahatçylyk

Ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy ösdürilýär

22-03-2023 / 25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň halkara derejede kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge, dünýäniň döwletleri bilen syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary kämilleşdirmäge ýardam berer.

Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň baş maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, syýahatçylygyň geriminiň giňeldilmeginiň, onuň ekologiýa, tebigy, sport we atçylyk ýaly täze görnüşleriniň girizilmeginiň, dynç alyş üçin amatly şertleriň döredilmeginiň milli syýahatçylyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagyna gönükdirilendigini bellemeli.

Häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu bolsa milli syýahatçylygyň ugurlarynyň giňeldilmegine, hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine hem-de Türkmenistanyň dünýäniň syýahatçylyk giňişliginde özüne çekiji ýurtlaryň biri hökmünde ornunyň berkidilmegine mümkinçilik berer. Dünýäniň ösen ýurtlarynda syýahatçylygyň mümkinçiliklerini wagyz etmek, daşary ýurtly jahankeşdeleri çekmek maksady bilen, Türkmenistan Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen halkara sergä, Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen “ITB” syýahatçylyk ýarmarkasyna, Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen “Ferien-Messe Wien” atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy.

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Nowruz baýramy dost-doganlygy, raýdaşlygy, ynsanperwerligi we parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary kemala getirýän baýramdyr. Halkara maslahata gatnaşyjylar Milli bahar baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çärelerine gatnaşdylar.

Rüstem TAGANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu