
Bahar paslynyň gelmegi bilen adam bedeniniň witaminli, minerallary saklaýan önümlere talaby has-da artýar. Şonuň üçin köp adamlarda witamin we minerallaryň ýetmezçiligi sebäpli dowamly keselleriň gozgamagy mümkin.
Ýaşaýan we işleýän ýerine baglylykda adam bedeniniň iýmit önümlerine bolan talap edijiligi dürlüdir. Adam iýýän iýmitine baglylykda, ýokanç kesellerden we daşky gurşawyň täsirinden goranyp biler.
Mele şaly – başgaça aýdylanda, ol arassalanmadyk ýa-da gabygy aýrylmadyk şalydyr. Gabygynda-da köp mukdarda witaminler, esasanam, B topar witaminleri bolup, olar merkezi nerw ulgamynyň işini gowulandyryp, nerw öýjükleriniň stresse garşylyk ukybyny güýçlendirýär. Şalynyň gabygynda köp mukdarda iýmit süýümleri bar. Olar içegeleriň kadaly işlemegine ýardam edýärler. Bu kiçijik dänejik birnäçe howply keselleriň — aterosklerozyň, süýjüli diabetiň we onkologiýa keselleriniň, başga-da, birnäçe keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.
Süýt – belogyň, kalsiniň möhüm çeşmesidir. Süýt içegeleriň işini kadalaşdyrýar. Mundan başga-da, ol nerw dartgynlygyny, agyryny aýryjy, keýpiňi ýokarlandyryjy maddalara baýdyr.
Ysmanak – nahar taýýarlanylanda ulanylýar we işdäaçarlaryň düzümine goşulýar. Ysmanagyň düzüminde minerallar, kaliý, sink, mis we witaminler köp bolup, ol aterosklerozyň, süýjüli diabetiň öňüni almakda giňden ulanylýar.
Towuk ýumurtgasy – beloga baý we immuniteti galdyrýan peýdaly iýmit çeşmesidir. Ýaramsyz holesterin diňe köp gaýnadylan ýumurtgada bardyr. Ýumurtgada adama gerekli A witamini, başga-da ençeme witaminler bar. Ýumurtga iýmegiň möçberi günde bir ýumurtgadan köp bolmaly däl.
Towuk eti – iýmit berhizli iýmitlenmede ýygy ulanylýar. Towuk etinde belok we B topar witaminleri bar. Olar bolsa nerw ulgamynyň işini berkidýär.
Balyk – iň ýokumly iýmitleriň biridir. Balyk ýagynyň et ýagyndan tapawudy bardyr. Balykda holesterini peseldýän omega-3 turşulygy bar. Ol ganyň lagtalanmagynyň öňüni alýar, immun ulgamynyň işini gowulandyrýar. Bu ýag turşuluklary çagalar üçin aýratyn zerurdyr.
Gurbanjemal ALLABERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.