Sagdyn durmuşSlider

Müň derde derman

19-03-2023 / 15

Nar turşumtyk, süýji tagamly miwe bolansoň, köp adamlar ony gowy görüp iýýärler. Lukmançylykda giňden ulanylýan nar agajynyň ýapragyndan ýörite dermanlyk çaýlar taýýarlanylýar. Däneleri, gabygy, ýapraklary, köki hem dermanlyk häsiýetlere eýedir. Bu miwäniň düzümindäki B6 witamini nerw ulgamyna oňyn täsir edýär, P witamini gan damarlaryny berkidýär, C witamini immun ulgamyny işjeňleşdirýär, B12 witamini bolsa adam bedeniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä, nar ganyň düzümindäki süýjüligi peseldýär, şonuň üçinem ol süýji keselli adamlar üçin has-da peýdalydyr.

Nar şiresiniň düzüminde aminokislotalaryň, antioksidantlaryň ençemesi bolansoň, bedeni arassalamakda örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin nardan taýýarlanylýan nar şireleriniň ýokumlylygy we peýdasy apelsin, alma, ananas şirelerinden has ýokarydyr. Mundan başga-da, nar:

— Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar.

— Damarlaryň diwarlaryny berkidýär.

— Naryň şiresi işdäni açýar we onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bardyr. Ýöne aşgazan keseli bilen kesellän adamlar nary lukman bilen maslahatlaşyp iýmeli.

— Nar bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

— Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär.

— Bedeniň garramagyny haýalladýar.

— Naryň gabygy gaýnadylyp içilende içgeçme keseline peýdalydyr.

Merjen ORAZBERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu