Sagdyn durmuşSlider

Soganyň peýdaly häsiýetleri

16-02-2023 / 91

Sogan adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär. Ol 25 görnüşli aýry-aýry antioksidantlary özünde jemleýär.

Sogan iýmit siňdiriş ulgamyna oňaýly täsir edip, gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramlylygyny üpjün edýär. Sogan süýt we süýt önümleri ýaly, süňkleriň berkemegine hem täsir edýär. Bilermenler tarapyndan soganyň osteoporoz kesellerine garşy hem peýdalydygy subut edilendir. Soganda bar bolan B9 witamini saçyň dökülmeginiň öňüni alýar, derisini güýçlendirip, saçyň sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de sogan:

  • nerw ulgamyny berkidýär we güýçlendirýär;
  • gan aýlanyşygyny çaltlandyrýar;
  • bedendäki artykmaç ýaglary aýyrýar;
  • gyzyl gan öýjükleriniň mukdaryny artdyryp, ganazlygyň öňüni alýar;
  • ýokançlara garşy göreşmäge ukyply;
  • ukusyzlyk üçin peýdaly;
  • işdäňi açýar;
  • dişleriň çüýremegine we etiniň kesellerine sebäp bolýan bakteriýalary ýok edýär.

Gülälek BATYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu