Ýatkeşlik beýnimiziň ýerine ýetirýän funksiýalarynyň biridir. Adamyň ýatkeşliginiň möçberi uly bolýar. Ol milliarddan gowrak belgileri özünde saklap bilýär. Durmuşymyzda beýniniň işjeň netijeligine birnäçe zatlar päsgel berip bilýär. Meselem, kellä şikes ýetmegi, derman serişdeleriniň aşa köp mukdarda ulanylmagy, gan aýlanyşygynyň bozulmagy, az hereketlilik beýniniň işiniň netijeligine öz zyýanyny berip bilerler. Olar beýni dokumalarynyň zeperlenmegine eltýärler. Lukmanlar daşary ýurt dillerini öwrenmek, tapmaça çözmek, küşt we şaşka oýnamak, goşgy ýat tutmak, dürli hünärleri özleşdirmek, saz çalyp, surat çekmek ýaly işleriň beýniniň işjeňleşmegine uly täsir edýändigini aýdýarlar. Akyl zähmeti bilen bagly işler ýerine ýetirilende, iýmitiň az mukdarda ulanylmagy maslahat berilýär. Beýniniň işjeňligi üçin kaloriýa taýdan pes, emma düzümi minerallara, witaminlere, ýoda baý bolan iýmitleri iýmek peýdalydyr. Eýsem bir wagtyň özünde hem ýeňil, hemem ýatkeşligiňi gowulandyrmak üçin näme iýmeli? Ýatkeşligiň gowy bolmagy üçin:
— Ilkinji nobatda, balyk iýmeli, balyk dürli kislotalara baý bolup, beýniniň öýjüklerini berkidýär, onuň işjeňligine ýardam edýär.
– B witaminli iýmitleriň hem ýatkeşlige uly peýdasy bar. Olara bagyr, towuk eti, ýumurtga, balyk, bolgar burçy, gatyk, şüle, mekgejöwen, greçka, tüwi ýaly önümler degişlidir. Şeýle-de gündelik iýmitiňizde kalsiý witamine baý bolan iýmitleri hem ulanyň. Süýt önümleri kalsiýe baý önümlerdir. Kalsiý nerw ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün edýär .
Ýatkeşligi berkitmek üçin, köpräk banan iýmek hem peýdalydyr. Ol şähdiňi açýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýatkeşligi berkitmekde ýoduň hem uly orny bardyr. Üşükligiňizi artdyrmak üçin gündelik iýmitiňizde hozuň we maňzyň hem bolmagyny gazanyň. Şeýle-de käşir, kädi, bulgar burçy, pomidor ýaly önümlerem örän peýdaly. Olaryň düzümi beta-karotine baý bolup, diňe üşükliligi güýçlendirmäge däl, eýsem görüjilik ukybyny hem berkidýär.
Gunça DURDYMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.