Emeli göwrelilik düşünjesi bolan «EctoLife», göwreli bolmak üçin göreşýänleriň köpüsiniň durmuşyny üýtgedip biljekdigi barada habar berdi.
Bu barada «EctoLife» -iň Baş direktory Al Gaýli: «Enjam, düwnük ýa-da beýleki kynçylyklar sebäpli çaga doguryp bilmeýän aýallar üçin ideal çözgüt. Şeýle-de, sperma mukdary bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge kömek edip biler» diýip belledi.
Hasaplamalara görä, «EctoLife» bilen ýylda 30.000-e çenli çaga dogulyp biler. Ene-atalar ýörite mobil programmasy arkaly islendik wagt çagasynyň ösüşine gözegçilik edip bilerler. «EctoLife» çagalaryň dogulmak, azalmak meselesine garşy göreşmek üçin döredilip, optimistik hünärmenleriň pikirine görä, bu taslama ýakyn 10 ýylda işe girizilip bilner. «EctoLife» emeli intellektden, şol sanda her bir çaganyň zerurlyklaryna laýyklykda aýratyn iýmitler bilen üpjün ediler diýlip çaklanylýar. Mundan başga-da, «EctoLife» ene-atalara wirtual nauşnik bilen birikdirilen 360 derejeli kameralary ulanyp, çagasyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Al-Gaýli ene-atalaryň çagalaryna öwrenişmegi üçin aýdym-saz sanawyny saýlap biljekdigi barada hem aýdyp geçýär. Bu enjamyň, dogluş derejesini ýokarlandyrmak üçin Ýaponiýa, Bolgariýa we Günorta Koreýa ýaly çaga dogluşy pes bolan ýurtlara kömek edip biljekdigi öňe sürülýär.
«TürkmenGazet».