PsihologiýaSlider

Hepdede 20 sagat nädip tygşytlamaly?

01-11-2022 / 19

Durmuşda, okuwda ýa-da iş dünýäsinde üstünlikli adamy tanamaga esas döredýän birnäçe görkezijiler, ençeme sebäpler bolýar. Şolaryň biri-de tygşytly peýdalanylan wagtdyr. Biziň her birimiziň hepdelik 168 sagat wagtymyz bar we biziň ony dogry meýilleşdirip, peýdaly derejede ulanyp bilmegimiz möhümdir. Islendik adam hepdede 20 sagat tygşytlap, öz girdejisini 30-50 göterim artdyryp, iň esasy hem öz wagtyny täsirli, gyzykly geçirip biler. Eýsem-de onuň üçin nämeler edip bolar?

  • Maksadyňa ýetmek ugrunda yhlas et.

Köp adamda ýüze çykýan esasy ýagdaý öz öňünde goýan maksadyny üns merkezinde saklamaýar. Öňüňizde goýan maksadyňyza nädip ýetmelidigi hakyndaky soragy özüňize beriň we ony durmuşa geçirişiňizi hyýalyňyzda görüň, bu size ruhy güýç, ynam berer.

  • Iş duşuşyklary meýilleşdiriň

Ikinji ädimde işiňiz bilen bagly duşuşyklaryňyzy ýada salyň. Indi özüňize işiň netijsei hakda sorag beriň. Haýsy netijelere garaşýarsyňyz? Bu iş duşuşygy möhümmi? Bu wagty nädip netijeli ulanmaly?

  • Öz-özüňi kämilleşdirmek

Iň möhüm ädimleriň biri-de öz-özüňi kämilleşdirmek üçin wagt aýyrmakdyr. Sport bilen meşgullanamak, okamak, aň-düşünjeli oýlanmak ýakynlaryňyz, kärdeşleriňiz bilen aragatnaşyk saklamak we ş.m oňa degişli bolup biler.

  • Dynç wagty

Sagdyn pikirlenmek üçin arasynda özüňize dynç beriň. Onuň üçin işiň arasynda arassa howadan dem almak hem ýeterlikdir.

  • Jemleýji ädim

Bu ädimde siz tygşytly geçiren her bir sagadyňyz üçin öz senenamaňyzda “boşluklary” görersiňiz. Siz bu “boşluklary” islendik zat bilen dolduryp bilersiňiz (täze taslamalar, täzeçe pikirler, goşmaça wagt hökmünde).

Görşümiz ýaly, hepdede 20 sagat tygşytlap, işleri dogry meýilleşdirip, wagtyň tiz geçerine garaşman, ony has-da peýdaly zatlara sarp edip netijeli ulanylanda durmuş biziň üçin has aňsat hem-de gyzykly bolar!

Babakuly HOJAMKULYÝEW,
“Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap bölüminiň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu