
Subtropik miweli agaçlaryň biri bolan hurma agajynyň miwesi gadym wagtlardan bäri iýmitleriň arasynda uly ähmiýete eýedir. Hurma agajy köplenç tropiki, käbir görnüşleri bolsa subtropiki sebitlerde duş gelýär.
Hurma agajynyň miwesi şireli, süýji hem tagamly. Onuň düzüminde uglewodlar, organiki turşular, şeker, С witamini saklanýar. Hurmanyň agajy, ýapraklary, miwesi, tohumy peýdaly. Hurmanyň miwesi halk lukmançylygynda hem melhem hökmünde giňden peýdalanylýar. Onuň miwesi ganazlykda, galkan şekilli mäz kesellerinde, aşgazan we onkibarmak içegäniň baş kesellerinde, aşgazanda ýokary turşulygy peseldiji serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem, hurma agajynyň miwesi bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar, üsgülewükde-de bejeriji serişde hökmünde ulanylýar.
Mundan başga-da, hurma agajynyň ýapraklary iriňli ýaralary tiz bitirýän melhem bolup durýar. Onuň ýapraklaryndan hem askorbin turşusyny (С witamin) almak mümkin. Dermançylykda bolsa hurmanyň tohumy aktiwirlenen kömür almak üçin çig mal bolup bilýär.
Hurma agajynyň miwesi ter, guradylan ýa-da täzeden işlenen görnüşde ulanylýar. Ondan gaýtadan işlenip taýýarlanan dürli iýmit önümleri ýokary tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, azyk senagatynda hurma agajynyň miwesinden dürli görnüşli içgiler taýýarlanylýar. Käbir ýurtlarda ýenjilen hurmany una garyp, süýji çörekleri bişirýärler. Hurmanyň tohumy bolsa kofeniň deregini tutýan içgi taýýarlamak üçin çig mal hökmünde ulanylýar.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.