Sagdyn durmuşSlider

Akrofobiýa – bu näme?

14-10-2022 / 17

Güýçli beýiklik gorkusyna akrofobiýa diýilýär. Ol uly panika we alada döredip biler. Geçirilen käbir barlaglara görä, akrofobiýa iň köp ýaýran fobiýalaryň biridir.

Beýik ýerlerde özüňi oňaýsyz duýmak adaty zat. Meselem, siz özüňizi başyňyz aýlanýan ýaly duýup ýa-da tolgunyp bilersiňiz. Eger akrofobiýaňyz bar bolsa, köprüden geçmek barada pikir etmek ýa-da dagyň suratyny görmek gorky döredip biler. Bu oňaýsyzlyk, köplenç, siziň günlük durmuşyňyza täsir edýär.

Mundan başga-da, bu fobiýanyň şeýle fiziki alamatlary bolup biler: derlemegiň artmagy; döşde agyry ýa-da gysylma; beýikligi göreniňde ýa-da ol barada pikir edeniňde, ýürek uruşynyň artmagy; beýiklikde sandyramak ýa-da titremek; günlük durmuşyňyzy kynlaşdyrjak bolsa-da beýiklige çykmakdan gaça durmak.

Eýsem, oňa näme sebäp bolýar?
Akrofobiýa beýiklikler bilen baglanyşykly bolan trawmatiki tejribelerden döräp bilýär. Meselem:
Beýik ýerden gaçmak;
Birniň beýikden gaçanyny görmek;
Beýik ýerde howsala düşmek (паническая атака) ýa-da başga negatiw tejribeler.
Emma fobiýalar bilinmeýän sebäpden hem döräp biler, genetiki we daşky gurşaw faktorlary hem rol oýnap biler.

Bejergisi
Fobiýaňyz günlük durmuşyňyza täsir edýän bolsa, meselem ýokary gatlarda ýaşaýan tanyşyňyzyň öýüne gitmekden ýüz öwürýän bolsaňyz, onda bejerginiň kömegi degip biler.

Ekspozisiýa bejergisi iň täsirli bejergileriň biri hasaplanýar. Bejerginiň bu görnüşinde siz gorkýan zadyňyz bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň üstünde terapewt bilen işlärsiňiz.

Akrofobiýa üçin ilki beýik bir binanyň içinde alnan suratlara seredip bilersiňiz. Adamlaryň ýüpüň üstünde ýöreýän, dyrmaşýan ýa-da dar köprülerden geçýän wideolaryny görüp bilersiňiz.

Ahyrynda siz balkona çykyp ýa-da merdiwan ulanyp bilersiňiz. Eger muňa taýýar däl bolsaňyz terapiýanyň başga görnüşleri size kömek edip biler. Fobiýalary bejermek üçin kän derman içmegiň geregi ýok, emma panika we gorky alamatlary üçin käbir dermanlar kömek edip biler.

Soňky ýyllarda käbir ekspertler ünsüni VR, ýagny wirtual hakykada berip başlady. 2018-nji ýylda 100 adamda geçirilen barlagda VR terapiýasynyň peýdalydygy aýdyldy. Barlagyň awtorlary bu ugurda ýene barlaglaryň gerekdigini aýtsa-da, olar VR-yň öýde edip boljakdygyny göz öňünde tutup, bu şertiň has elýeter we amatly alternatiwa bolup biler diýen netijä gelipdirler.

Sona ARAZGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu