
- Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply işdir.
- Biz söýýän zadymyzy ölüp barýarkak hem söýýäris.
- Hakykat ýeňer, ýöne oňa aýgytly kömek etmek gerek.
- Sorag soramagam bir sungatdyr.
- Ynsan özüne nätanyş bolan zada mydama ätiýaçly garaýar.
- Gorksaň, jany ýanandan gork.
- Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir.
- Ynsanyň içinde basyrylgy ýatan güýç tebigatdaky täze bir güýçdür.
- Şatlyklara garaşyp gezmegiň özi ybadatdyr.
- Mekirligiň hemme ýerde peýdasy degýär. Ýöne ähli peýdasy ýarymdyr.
- Akmak görünmäge çalyşmak iň uly akyllylyk.
- Diliň haýyrlysy syr saklap bilýäni, sözüň haýyrlysy çuň manylysydyr.
Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
ajaýyp