Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.
Gözlerimiziň alnynda Aşgabatda kuwwatly döwrebap düzüm kemala getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşleri — hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler.
Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur. Paýtagtymyzyň bezegine öwrülen sport desgalary ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly gadamynyň alamatyna öwrüldi.
Berdimyrat GURBANOW,
Türkmenistan Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.