Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň lukmanlary şekeriň ornuny tutýan önümleriň zyýany barada habar berýärler. Bu önümleriň howply keselleriň döremegine hem sebäp bolup biljekdigini aýdýarlar.
Alymlar syçanlaryň üstünde gözleg işlerini amala aşyrdylar. Ýaş syçanlara şekeriň ýerini tutýan birnäçe görnüşli önüm berýärler. Bu önümler gemrijileriň ýadynyň bozulmagyna hem-de beýnisiniň üýtgemegine sebäp bolupdyr.
Gözlegleriň dowamynda süýdemdirijileriň metabolizme ýetirýän täsiriniň netijesinde, süýji keseline we beýleki birnäçe keselleriň döremegine sebäp bolýandyklary anyklanyldy.
Bedene zyýan berip biljek birnäçe goşundy maddalar:
Saharin – beden ony siňdirip bilmeýär. Bu önümi yzygiderli iýmek, düwnük keseliniň döremek howpuny ýokarlandyrar.
Aspartam – az kaloriýaly içgileriň düzüminde köp bolýar. Çaýa goşmak düýbünden gadagan. Ony yzygiderli sarp etmek beýnini zaýalaýar, bagyr, öýken hem-de rak keseliniň döremegine sebäp bolýar.
Siklamid – bu önüm birnäçe ýurtda gadagan edilen önümdir. Bu önüm böwrek ýetmezçiliginiň döremegine ýol açýar.
Kaliý assesulfami – kanserogen hasaplanýar. Ol gazly içgileriň düzüminde has köp bolýar.
Ksilit – ýokary kalorýaly goşundy bolup, metabolizma zeper ýetirýär.
Sumbar GYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.