Durmuşda öňlerine maksat goýmadyk, eli boş, işsiz, hünärsiz, başarnyksyz adamlar arhiwlere siňip galan çaň-tozanlar bilen barabardyr. Çünki olaryň aňlary, zehinleri boş.
Zehiniň iň hatarly halaty adamyň işsiz oturýan pursadydyr. Ol şol wagt sürüjisi bolmadyk we ýokary tizlikde öňe myçyp barýan ulaga meňzeş. Onuň ikibaka çaýkanyp, kertden agdarylmagy hem ahmal. Durmuşda işsiz, boş oturjak wagtlaryň ýüze çyksa, onda haýsydyr bir gaýgy-gamlara, aladalara, gorkulara taýýarlan. Sebäbi bu boşluk durmuş tekjelerine siňen, geçmişiň, häziriň we geljegiň ähli zyňyndylaryny saňa tarap magnit ýaly dartyp başlar welin, sen çykgynsyz bir ýagdaýa uçrarsyň. Saňa-da, özüme-de pent bolsun, bu batyl işsizlige derek netijeli bir amala meşgullan. Dynç almaklyga magrur bolma-da, zähmete daýan. Ýeri gelende ýatlasak, işsiz, boş oturmagam özüňi diri gömmekligiň gizlin görnüşidir, kemkemden köşeşdiriji däri-derman bilen öz janyňa kast etmeklige barabardyr. Onda, edil şu wagt ýeriňden gal-da, kitap oka, ýa-da tebigata göz aýla, ýa-da bir zatlar ýaz, ýa-da iş stoluňy tertibe sal, ýa-da öýüň içerisini tämizle, ýa-da kimdir birine kömekleş, özgeleriň derdine ýara – ýöne boş oturma.
Peýdaly işe güýmen we wagtyňy boş geçirmejek bol. Muňa derek dünýä lukmanlary saňa duýdansyz gelýän bagtyň 50%-ini kepil geçýärler. Daýhanlara, maldarlara, gurluşykçylara seret, edil bagtdan gözi ganan guşlar ýaly jürküldeşip, ruhy rahatlygyň we bagtyýarlygyň içinde aýdyma hiňlenip ýörendirler. Sebäbi olar elmydama bir hereketde, iş başynda öz wagtlaryny geçirýärler.
Laçyn MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.