Siziň üçin...Slider

Çagalar bilen bilelikde multfilm göreliň!

22-09-2022 / 22

Megerem, çagakak multfilme tomaşa etmedigimiz ýok bolsa gerek. Hakykatdanam, multfilm — çagalygymyzyň iň gowy ýatlamasy, iň gowy güýmenjesi. Käwagt çagalaryň belli bir multfilme sabyrsyzlyk bilen garaşyp, dykgat bilen tomaşa edýändigini gören ene-atalar hem öz çagalyk dünýäsine dolananlaryny duýman galýarlar. Şonda kakalar: «Biz çaga wagtymyz pylan hili multfilm bardy» diýip söz açsalar, ejelerem özlerinde süýji ýatlama goýan multfilmiň adyny tutup, çagalyk dünýäsine syýahata gidenlerini duýman galýarlar.

Multfilm we çagalyk. Bular bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy emele getirýär. Häzirki döwürde çagalara wagtyny gyzykly geçirmek üçin multfilmlerden başga-da ençeme güýmenjeleriň bardygyna garamazdan, olar multfilme tomaşa etmeklerini goýbolsun edäýenoklar. Multfilmler köp bölümli bolsa, olaryň täze bölümine sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagalar bir bölümli meşhur multfilmlere telim gezek tomaşa etmekdenem ýadamaýarlar.

Ýogsa-da, bu olar üçin peýdalymyka?! Elbetde, ene-atalar, çagalarynyň ýaş aýratynlygyna görä, her günki gün tertibinde irden maşk etmäge, wagtly-wagtynda ýuwunmaga, naharlanmaga, günortan ýatyp, dynç almaga, deň-duşlary bilen oýun oýnamaga, kompýuter bilen meşgullanmaga, kitap okamaga, öý işlerini etmäge, sport we döredijilik işleri bilen gyzyklanmaga, aýratyn hem, multfilm görmäge gerek bolan wagty döredip, ony hem gözegçilikde saklasalar, çagalar sagdyn öserler.

Çagalaryň nähili multfilme tomaşa edýändigini bilmek olaryň geljegi üçin zerurdyr. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, olaryň diňe bir ýaş aýratynlyklaryndan başga-da, ähli çagalar üçin umumy multfilmleriň bolmagy, şeýle hem oglanjyklar we gyzjagazlar üçin ýörite multfilmleriň döredilmegi çagalaryň kadaly ösmeginde ilkinji şertleriň biridir. Häzirki wagtda ýaýlyma berilýän multfilmleriň näçe ýaşdaky çagalara niýetlenendigini anyklamak kyn däl. Multfilm başlanda, mawy ekranda çagalaryň näçe ýaşdan tomaşa etmelidigi ýazylýar. Meselem, ähli ýaşdaky çagalaryň tomaşa edip biljek multfilminde «0+» ýazgysyny görmek bolýar.

Çaga lukmanlarynyň berýän maslahatyna görä, 3—6 ýaş aralygyndaky çagalara diňe öwredijilikli multfilmleri, 6—7 ýaşdan uly çagalara bolsa taryhy multfilmleri görkezmek bolar. Lukmanlar çaganyň irki ösüşi üçin munuň ähmiýetiniň wajypdygyny belleýärler.

Her bir çaga multfilme tomaşa edýän mahaly baş gahrymanyň ornunda özüni goýup, hyýalynda janlandyrýar. Çykgynsyz ýagdaýa düşende, onuň ornuna özüçe hereket edip, baş alyp çykýar. Onuň başarnyklaryna guwanýar, begenjine deň begenýär. Özünde täsir galdyran multfilmlerindäki söýgüli gahrymanlarynyň keşbine girip, sözlerini gaýtalap, ençe wagtlap täsirinden çykyp bilmän gezýärler. Şonuň üçinem her bir multfilmiň öwredijilikli häsiýeti bar. Mysal üçin «Jeňňel kitaby» atly multfilmden çagalar tebigata söýgini, «Frenklinden» arkalaşykly we dostana gatnaşygy öwrenýärler. Haýwanlar bilen baglanyşykly multfilmlerden bolsa şolaryň tebigatdaky hakyky häsiýeti, nirelerde ýaşaýandygy bilen bagly ençeme maglumatlary öwrenýärler. Umuman, çagalaryň öz ýaşyna görä biläýmeli köp zatlary multfilmlerde bar. Onda näme, geliň, çagalar bilen bilelikde multfilm göreliň!

Didarjan KALANDAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu