Eger öý şertlerinde limon agajyny ösdürip ýetişdirmäge islegiňiz bar bolsa, onda onuň birnäçe syrlaryny bilmek zerur.
Ilki bilen işi tohumlary ekişe taýýarlamakdan başlamaly. Limonyň gowy hasylyndan iň iri çigitlerini saýlap almaly, ýöne çigitlere zeper ýetmedikdigine göz ýetirmeli. Olary ekmek üçin saýlanyp alnan kiçiräk gutynyň ýa-da ýörite gül ekilýän küýzejikleriň birnäçe ýerinden kiçijik deşijekleri deşmeli. Gowy netije gazanmak üçin tohumlary ösdüriji stimulýator (ösümlikleriň ösüşini çaltlandyrmak üçin ulanylýan himiki serişde) bilen işläp taýýarlamaly. Şol erginde tohumlary bir gije-gündizden az bolmadyk wagtda saklamaly. Bu bolsa geljekde agajyň gowy ösmegine hem-de bir ýerden başga bir ýere geçireniňizde gowy uýgunlaşmagyna ýardam berer. Tohumlara suw bermegi ýatdan çykarmaň. Şonda suwy az bermeli däl.
Limon tohumynyň 10-15 sanysyny çygly topraga ekmeli. Çigitleriň ekiliş çuňlugy 3 santimetrden geçmeli däl. Küýzäniň üstüni polietilen örtük bilen ýapmaly. Ekilen tohumyň dem almagy üçin wagtal-wagtal örtügi aýryp durmaly. Takmynan, bir aý wagt geçensoň, ilkinji şineleri görüp bilersiňiz.
Ilkinji dörän ýaprajyklary dürli gutujyklarda oturtmaly. Ol gutujyklarda hem kiçijik deşijekler bolmaly. Şineleri başga küýzejiklere örän seresaplylyk bilen geçirmeli, sebäbi şol wagt şineleriň köküne zyýan ýetmegi mümkin. Şinelere zyýan ýetmez ýaly ony düýbündäki topragy bilen bilelikde almak zerurdyr.
Limon agajyny ýetişdirmek üçin onuň ýokary başyny dogry saklamak wajyp hasaplanýar. Ösümligiň ösmegi üçin gapdal çybyklaryny biraz kesip aýyrmaly. Bäş we ondan köp ýaprajyklar çykyp ugrandan hem-de ösümlik 20 santimetr boý alanyndan soň, onuň ýokarky başyny gyrkmaly. Wagt geçdigisaýyn agajyň gapdal şahalary ösüp başlar, olaryň ujuny hem şonuň ýaly edip gyrkmaly. Her şahajygyň bäş ýaprajyklardan köp bolmaly däldigini ýatdan çykarmaň.
Ösümligi bir ýerden başga bir ýere geçirip oturtmak üçin eýýäm öňküden ulurak gül gutusyny almaly. Limon agajy üçin gowy garyndyly toprak taýýarlamaly. Düzümi deň böleklere bölünen bu toprak ýapraklaryň çüýrüntgisinden, bajakly ýerden, ýerli dökünlerden, çüýrüntgilere baý bolan toprakdan ybarat bolmaly. Islendik ýagdaýda-da, agajy bir ýerden başga ýere göçürip ekeniňizde, wagtly-wagtynda agajy goşmaça iýmitlendirmek gerek. Täze toprakda zerur bolan ýokumly maddalaryň diňe bäş aýa ýetmegi mümkin. Iň gowy goşmaça iýmit hökmünde düzüminde zerur mikroelementleri saklaýan mineral dökünler ulanylýar. Gowusy, suwuk haldaky serişdeleri saýlamak maslahat berilýär.
Rahym ESENOW,
Türkmen oba hojalyk insitutynyň mugallymy.