Sagdyn durmuşSlider

«Ýaşlyk melheminiň» synagy

17-09-2022 / 15

Internet çeşmelerinde habar berlişine görä, ýaş plazma ganlaryny guýmaklygyň üsti bilen belli bir derejedäki ýaş syrkawlyklary ýeňip geçmek bolar, diýip hünärmenler belläp geçýär. Ýaş plazmalary guýmaklyk rak, alsgeýmer we ýürek agyry ýaly keselleriň döremezligine kömek edýär.

Ýaş alym, “Amrosia” taslamasyny esaslandyrjy Jessi Karmazin şeýle diýýär: «Men «melhem» sözüni aýdasym gelenok, emma ýaş ýetginjekleriň ganynyň düzüm birliklerinde nähilidir näbelli elementler bolup, olar hem ýaş adamlaryň ganlary garrama prosessini serpikdirip, yza dolanyş prosessiniň bolup geçmegine ýardam edýär» diýip belläp geçdi. 2016-njy ýylyň awgust aýyndan bäri 35-92 ýaş aralygyndaky adamlara 16-25 ýaş aralygyndaky ýaş plazma ganlary goýberilip, 100-e golaý adam bejergi aldy.

70 adama gan goýberilmezinden bir aý öň seljeriş işi geçirildi. Barlaglar döwründe barlaga hiç gatnaşmaýan adamyň ganynda rak keseliniň öýjüklerine duş gelinmedi. Karmazin topary bolsa ganlardaky karsionembrional antigenleriň beloklarynyň derejesini öwrenipdirler. Bu antigenleriň pes derejeliligi sagdyn adamlarda, ýokary derejeliligi bolsa rak keseliniň alamatlary bolup bilýändigi anyklandy. Bu antigenleriň derejesi 20 göterim pese gaçypdyr. Şeýle hem bu toparyň barlaglarynyň netijesinde adamlaryň ganyndaky halestriniň 10 göteriminiň pese gaçandygy anyklanyldy. «Ambroziýa» kompaniýasy hem adamlaryň amiloidlarynyň (adamyň beýnisinda Alsgeýmeri dörediji beloklar) derejesiniň 20 göterim pese gaçandygyny anyklady.

,,New Scientist’’-yň alymlary: «Ganda amiloidlaryň peselmegi alsgeýmer bilen keselli adamlara peýdaly bolar» diýip nygtady. Emma onuň beýnä nähilli derejede täsirli boljakdygy barada hiç hili maglumat anyklanylmady. Bejergileriň netijesinde 55 ýaşyndaky alsgeýmer keselli adamda, bu keseliň täsiriniň azalandygy anyklanyldy. Bu hassanyň indi awto ulagy dolandyryp bilmäge ukybynyň bardygy ýüze çykdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu