Sport adam bedeniniň saglygyny üpjün edýär. Sungat bolsa ruhy sagdynlygy kemala getirýär. Şol sanda aýdym-saz sungatynyň sportdaky we saglykdaky ähmiýetini durmuş tejribesi bilen ylmy seljermeler hem ykrar etdi. Şunuň netijesinde biziň durmuşymyz sagdyn endikler we ruhy gözellikler bilen sazlaşyp has-da kämilleşýär.
Gadymy döwürlerde-de sport maşklary we sport ýaryşlary saz bilen bezelipdir. Antiki oýunlara hökmany suratda sazly şowhunlardyr şüweleňler goşulypdyr. Häzirki wagtda hem bedenterbiýe hereketleri mahsus mazmunly sazlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Ol islendik adamyň türgenleşigini aýratyn mana besläp, onuň hil we mazmun taýdan ähmiýetini artdyrýar. Türgenleşýän şahsa ruhy taýdan güýç berip, oňa aýratyn lezzet bagyşlaýar. Ynsanyň aňyna täsir edýän ruhy güýç, utgaşykly ýerine ýetirilýän herekete geçip, onuň talabalaýyk bolmagyna itergi berýär. Şonuň üçin hem dünýäniň saz döredijileri-kompazitorlary sport temasyna bagyşlanan dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Bu sungat ýörelgesi häzirki döwrümizde hem milli esasda-da mynasyp dowam etdirilýär. Diýarymyzda geçirilýän sport çärelerinde, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerinde we halkara ýaryşlarynda saz bezegine, aýdym eserlerine aýratyn orun berilýär. Bu şeýle häsiýetdäki çäreleriň guramaçylyk babatdaky hilini hem ýokarlandyryp, oňa gatnaşyjylarda sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan höwesi artdyrýar. Ýerine ýetirilýän aýdymlarda, ýaňlanýan owazlarda milli sportuň ösüşleri, sagdyn türkmen jemgyýeti, bedenterbiýäniň ähmiýeti belentden wasp edilýär.
Aýdym-sazyň bu ugurdaky ýokary ähmiýetiniň bardygyny dünýä ýaryşlaryndaky pursatlarda hem görmek bolýar. Ýeri gelende bellesek, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň mysalynda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirdik. Onda bu çäräniň senasy bolup ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň eseri bolan «Jan Watanym Türkmenistan» atly aýdym türgenlere egsilmez güýç, ýeňişe höwes, ähli gatnaşyjylara bolsa baýramçylyk ruhuny bagyşlady.
Hawa, hakykatdan hem häzirki zaman sportuny sazdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu sport hadysalarynyň diňe şatlykly we baýramçylyk ruhubelentligini döredýänligi üçin däl. Çeper gimnastikada, konkide figuralaýyn typmakda, suwda sazlaşykly ýüzmekde saz sport hereketleriniň esasy alamaty bolup durýar. Bu sportçynyň hereket başarnygyny artdyrmaga we sportuň sungat derejesinde dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem eziz Diýarymyzda sagdynlyk mukamy ýaňlanmagy ýeňişlerden ýeňişlere ýetirsin. Şol ýeňişleriň şanyna bolsa döwlet senamyz ýaňlanyp, ýaşyl baýdagymyz belentliklere göterilsin!
Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.