Meşhur amerikan lukmany Pol Breggiň “Чудо голодания” (“Açlyk çekmegiň gudraty”) atly kitaby bar. Şu ajaýyp kitabynda ol adamlaryň öz günäleri sebäpli, juda az ýaşaýandyklaryny, olaryň nädogry hereketleri we nädogry iýmitlenmekleri zerarly, ýuwaş-ýuwaşdan özlerini öldürýändiklerini, ýogsa, olaryň azyndan 120 ýyl, hatda ondan hem köp ýaşamalydygyny janyndan syzdyryp gürrüň berýär.
Ol şeýle ýazýar:
— Biziň saglygymyzy ýokary derejede saklajak dokuz sany lukmany tebigat bize sowgat beripdir. Özem, ol lukmanlar şeýle akylly. Sen oňa ýüz tutmasaňam, garrylygyňa-ýaşdygyňa, baýdygyňa-garypdygyňa garaman, kömek etmäge taýýar…
Ine-de onuň aýdýan şol lukmanlary.
1-nji LUKMAN — GÜN ŞÖHLESI!
Ýer üstündäki ähli janly-jandarlar ösümlikler, öz ömürlerini Gün şöhlesinden susup alýarlar. Gün şöhlesi bolmasa, ýer üstünde ýaşaýyş bolmazdy. Gök önümler Günüň energiýasyny has köp alýarlar we biz olary näçe köp iýsek, bedenimiz üçin zerur bolan Gün energiýasyny olaryň üsti bilen alyp bilýäris. Şonuň üçin iýmitimiziň 60 göterimi gök önüm bolsa, aňrybaş saglygy gazanyp bileris.
Gün wannasyny gündelik kabul etmek hem juda peýdaly. Ýöne ony ilki az-azdan alyp başlamaly. Gün wannasyny esasan, ertir bilen, ilki, 5 minutlap, soň kem-kemden artdyrmaly.
2-nji LUKMAN — ARASSA HOWA
Adam üçin hemme zatdan zerury arassa howadyr. Howa biziň göze görünmeýän iýmitimiz. Biz howadan bedenimiziň ähli öýjükleri üçin zerur bolan kislorody alýarys. Arassa howadan alýan demimiz ganymyzy kömürturşy gazyndan we gaýry zäherli maddalardan arassalaýar. Ýygy-ýygydan dem alýan adama garanda, çuňňur dem alýan adamyň beden gurluşy sagdyn bolýar we uzak ýaşaýar. Şonuň üçin, mümkin boldugyça, arassa howada köp gezim etmeli hem-de öýkeniňi dolduryp çuňňur dem almaga endik etmeli.
3-nji lukman — arassa suw
Biziň bedenimiziň 70 göterimi suwdur. Şonuň üçin hem arassa suw we gök önümleriň hasabyna onuň üstüni ýetirip durmaly. Ýyly wanna kabul etmeli. Suwda ýüzmegi endik ediniň we ondan gorkmaň! Ol garra-da ýaşa-da şatlyk hem-de saglyk wada berýär. Adamyň iýmit siňdirmegi üçin hem, böwregiň kadaly işlemegi üçin hem, öýkeniň kadaly dem almagy üçin hem arassa suw zerur.
4-nji LUKMAN — TEBIGY IÝMIT
Adamyň bedeni iň kämil ýasalan mehanizmdir. Eger ony arassa howa, tebigy iýmit bilen üpjün edip, içki arassaçylygyny açlyk çekmek ýoly bilen gazansaň, ol öz borjuny artykmajy bilen ýerine ýetirer. Alymlaryň tassyklamagyna görä, her 11 aýdan adamyň bedeni täzelenip durýar. Onda näme üçin adam garraýarka?! Adamyň hökman garramalydygyna ynanmaň! Eger ol tebigy durmuş ýörelgesini dogry alyp barsa, nämäni iýmeli, nämäniň özüne gerekdigini dogry kesgitläp bilse, wagt onuň garşysyna däl-de, peýdasyna işlär. Garramagyň esasy sebäbi bedende minerallaryň we witaminleriň ýetmezçilik etmegi we gereginden artyk iýmekdir. Adamyň saglygy onuň ähli babatda dogry we doly bahaly iýmitlenmegine bagly. Onuň ýüzüniň nury, keýpi, gözüniň görşi, dişi, gulagy, ukusy, gan aýlanyşygy — bularyň hemmesi adamyň dogry iýmitlenişine bagly ahyryn. Et we et önümlerinden, ýumurtgadan gaça durmaly. Bu zatlarda bar bolan belogyň öwezini hoz, arahis, pisse, pyntyk, günebakar çigidiniň we beýleki maňyzlaryň hasabyna dolmaly.
5-nji LUKMAN — AÇLYK ÇEKMEK
Açlyk çekmek terapiýanyň iň gadymy usuly. Açlyk çekmegiň maksady — özüň özüňi has sagdyn ýaşaýşa kämilleşdirmek, bütin bedeniň juwanlaşmagyny, ýigdelmegini gazanmak. Açlyk çekmekden başga hiç hili usul ynsan saglygyna şunuň ýaly oňaýly täsir edip bilmez.
Her hepde-de 25-36 sagat, her üç aýdan bir gezek 7 gün açlyk çekmek iýmit siňdiriş agzalaryny we gan damarlaryny zäherli maddalardan arassalaýar we ýaşaýyş ukybyňy güýçlendirýär. Açlyk çekilenden soň gan aýlanyşygyň kadalaşýar, güýjüň artýar, iýmitiň gowy özleşýär, hatda dünýä akyl ýetirişiň hem ösýär. Açlyk çekmek içki ruhuňy arassalamaga alyp barýan iň dogry ýoldur.
6-njy LUKMAN — FIZIKI MAŞKLAR
Biz öz muskullarymyzy peýdalanmasak, olary ýitireris. Myşsalarymyzyň güýjüni saklamak üçin bolsa mydama türgenleşip ýörmeli. Ýaltanmazlyk özüňi sagdyn we keýpiçag duýmagyň esasy kanuny. Fiziki maşklaryň ählisem siziň ömrüňiziň uzak bolmagyna gymmatly goşant goşar.
Adam derlände onuň bedenindäki öýjüklerden der bilen zäherli maddalar çykýar. Fiziki maşklaryň iň gowy görnüşi arassa howada pyýada gezelenç etmekdir. Gezelençde howlugyp ýa-da başagaý bolup däl-de, adaty gadam urşuň bilen daş-töweregiň gözelligine tomaşa edip ýöremeli. Kamatyňy dik tutmaly. Her gün 5 kilometri ýöräp, geçip bilseň, gowy netije gazanylýar.
7-nji LUKMAN — DYNÇ ALMAK
Käbir adam garbanyşhanalarda öňüne alkogolly içgileri alyp, iýip-içip oturmagy dynç alyş diýip hasap edýär. Mundan dynç aldyk bolmaz. Dynç almak — ähli aladalardan, biynjalyk edýän zatlardan azat bolup, bedeniňi we beýniňi rahatlandyrmak, dynç almak ganyň bedeniňde erkin aýlanmagydyr. Eger geýen köwşüň aýagyňy gysýan bolsa, ýa köýnegiň ýakasy dar bolup, boýnuňy gysýan bolsa, sen dynç alyp bilmersiň. Dynç alyş wagtyňda beýniňi ähli aladalardan, tolgunmalardan durmuş meselelerinden azat etmeli. Dynç almak arassa howada gezim etmek, wagtyňy şatlykly geçirmek we ukyňy kadaly almakdyr.
8-nji LUKMAN — KAMATYŇY GÖRKANA SAKLAMAK
Biziň endiklerimiz daşky görnüşimizi görmegeý edibem biler, bigörk edibem biler. Çakdanaşa semräp, garnymyz öňe çykyp dursa, ýa küýkerip ýöreýän bolsak, ýa köp ýatmakdan ýaňa gözümiz halkalanyp dursa, bedenimiziň görki gaçmakdan başga-da, bedende ganyň kadaly aýlanmagyna-da zyýan berip, ganda zäherli maddalaryň döremegine sebäp bolýar. Oturanyňyzda aýagyňyzy beýleki aýagyňyzyň üstüne atyp oturmak hem gan aýlanyşygynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Ýatylanda gaty ýerde ýukajyk ýassykda ýa ýassyksyz ýatmaga endik edip bilseň, has gowy.
Bedeniň görküni sport maşklary bilen yzygiderli türgenleşmek arkaly durnukly saklamak bolar. Bedeniňi görkana saklamagyň iň peýdaly endigi duraňda kamatyňy dik tutmak, ýöräňde göwräňi göni tutup töweregiň gözel görnüşine syn edip ýöremek, oturaňda küýkermän göni oturmak görk bazaryndan bipaý çykmazlygyňyza uly ýardam eder. Şu ýönekeý, emma adam üçin örän zerur endikler beden agzalarymyzyň her haýsynyň öz berjaý etmeli borçlaryny ýeňil ýerine ýetirmegine kömek edýär.
9-nji LUKMAN —AKYL
Biziň bütin durkumyza akyl ygtyýar etmelidir. Biziň bütin bedenimize akyl buýruk bermelidir. Kä wagt adamda şeýle ýaramaz pikirler döreýär: “Meniň gözüm kütelýär, sebäbi garradygymyzça görşümizi ýitirýäris”. Eger biz şu barada akylly pikir öwürsek: “Meniň ýaşymyň könelişmegi gözümiň kütelmegine sebäp däl. Gözümiň kütelmegine başga bir sebäpler bolmaly” diýerdik. Adam her bir zady howsala — gorky bilen däl-de, akyl bilen çözmeli. Adamyň akylyny beden dolandyrmaly däl-de, bedeni akyl dolandyrmaly. Bedeniň akyla erk etmeginiň bir görnüşi adamlaryň narkotiki jisimlere — çilime, araga, tirýege we şuňa meňzeşlere ulaşyp, heläk bolmagydyr. Eger-de akyl bedene erk etmese, bu ýaramaz endikleriň saglygyňa-da, maddy üpjünçiligiňe-de, mertebäňe-de, görküňe-de, ruhy dünýäňe-de düzetmesi çetin zarba urýandygyny adam bilmel-ä. Akyla däl-de, beden islegine boýun bolmak, adamlaryň öz ömrüne garşy edýän agyr jenaýatydyr.
— Eger-de, adamlar ýokarda beýan edilen 9 sany tebigy lukman bilen sazlaşykly işläp, olaryň talaplaryny doly berjaý etse, onda olar 120, hatda ondan hem uzak ýaşap bilerler — diýip, amerikaly fizioterapiýa lukmany Pol Bregg ýokarda agzalan kitabynda ýazýar.
Rus dilinden terjime.