
Näme üçindir, käbir adamlar uklamak üçin asuda ýere mätäçlik duýýan bolsalar, käbirleri aşa galmagally ýerlerde-de rahat uklap bilýärkäler? Hünärmenler munuň jogabyny tapdylar.
“CurrentBiology”atly ylmy žurnalda çap edilen barlagyň netijesine görä, beýnide bolup geçýän bir hadysa adamyň ukyda wagty daş-töwerekdäki galmagaly eşitmeýänligi bilen baglanşyklydyr. Bu hadysa her adamda her hili bolýar. Garward uniwersitetiniň alymlary terapiýa, derman ýa-da elektronik enjamlaryň kömegi bilen bu täsiri güýçlendirme giň we adamyň uklan wagty daş-töwerekdäki galmagaldan täsirlenmezliginiň mümkindigini aýdýarlar. Ylmy toparyň ýolbaşçysy lukman Jeffri Ellenbogen geçiren barlaglarynyň netijesinde “uky igi” diýlip atlandyrylýan gurluşynyň bardygyny aýdýar. Onuň aýdyşyna görä, “uky igi” näçe köp bolsa, adamyň galmagaldan bimaza bolup oýanmagy hem azalýar.
«TürkmenGazet».