Sagdyn durmuşSlider

Şireli suw içmegiň kadalary

02-08-2022 / 9

Adamlaryň aglaba bölegi gök önüm we miwe şireleriniň käbir kesellerde däri-dermanyň ornuny tutup biljekdigine ynanýarlar. Ýöne bu pikir bilermenler tarapyndan ýalňyş hasaplanýar. 

Miwe we gök önüm şirelerini aşa köp mukdarda içmek zyýanlydyr. Günüň dowamynda şiräniň görnüşine görä, 0,5 stakandan 3 stakana çenli içmek ýeterlikdir. Sagdyn adamlar alma şiresini her gün 1 litre çenli, kädi şiresini bolsa islegiňize görä içibermeli.

Uglewodlara we witaminlere baý miwe şirelerini mineral duzlara baý gök önüm şireleri bilen gezekleşdirmek örän peýdaly.

Şiräni nahardan 30-40 minut öň ýa-da 2-3 sagat soň içmek has dogry hasaplanýar.

Eger-de başarsaňyz şiräniň konserwirlenenini däl-de, şire sykyjy enjamyň ýa-da gyrgyjyň kömegi bilen taýýarlanylanyny ulanyň. Miwe we gök önüm şireleriniň täze sykylyp alnany has peýdalydyr.

Sagdyn adamlar nar şiresine suw garyp içse gowy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu