Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň özüni alyp barmagynda käbir kadalary berjaý etmeklerini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda — 18:00-dan soň möwsüme görä geýinmek (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri), Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak ýaly kadalary berjaý etmek bilen gezelenç etmegi maslahat berýär.
Daşardan gyzyp, derläp gelip, salkyn öýe gireniňde, çygly eşigiňi çalyşmagy ýatdan çykarmaly däl, howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi, petekäňi we beýleki beden agzalaryňy tutup durmakdan, gyzyp gelip sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy içmekden, sowuk suwuň aşagyna girmekden saklanmaly.
Günüň dowamynda kadaly iýmitlenmeli, diňe bir gezek iýmek üçin taýynlanan däneli, kösükli iýmit önümlerinden gaýnadylyp, buglanyp bişirilen gyzgyn naharlary iýmeli. Iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli, günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli, otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Penjiräni wagtal-wagtal açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp durmaly.
Iýmit galyndylaryny, plastik gaplary ýörite niýetlenen ýerlere taşlamaly. Bu häsiýetleri çagalarymyzda-da terbiýeläp, endik etdirmeli.