Siziň üçin...Slider

Ýeralmanyň bilinmeýän peýdalary

19-07-2022 / 26

Hemmämiz ýeralmadan onlarça görnüşde tagam bişirilip bilinjekdigini bilýäris, belki-de bu biziň pikirimizdir.  Emma ýeralma diňe munuň bilen çäklenmeýär. Biziň diňe tagamlar üçin ulanýan bu ýeralmamyz, kümüş gaplary arassalamakda, derimizdäki käbir tegmilleri aýyrmakda, hatda käbir sungat eserlerini döretmekde hem giňden ulanylyp bilner.

Käbir adamlar wagtyň geçmegi bilen kümüş garalýar diýip pikir edýär. Bu adaty bir hadysadyr. Ilki bilen gazanda bir-iki sany ýeralmany gaýnadyň. Gaýnandan soň gazandan ýeralmalary çykaryň. Bu çözgüt üçin size diňe ýeralmanyň gaýnan suwy gerek. Soňra garalanan kümüşiňizi ýeralma suwuna salyň we 1 sagat garaşyň. Soňra suwdan çykaryň we ýumşak çotga bilen daşyny süpüriň! Arassa suw bilen ýuwuň, salfetka bilen süpürip guradyň.

Gözüň aşagyndaky gara tegmilleri aýyrýar. 10-15 minut gözüňize 2 dilim ýeralmany goýuň. Massaž hereketlerini ulanyp, ýeralmany ýüzüňize çalyň.  5 minutdan soň sowuk suw bilen ýuwuň.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu