Indiden beýläk gijelerine ýatmak üçin ýeriňize geçeniňizden soňra telefony ulanmagy we sosial mediýa göz aýlamagy bes etmelisiňiz!
Uklamazdan ozal telefon ulanmaklyk, saglygyňyza pikir edişiňizden-de has köp zyýan ýetirip biler.
Telefondan peýdalanmagyň adam bedenine edýän 4 täsirine has içgin seredip geçeliň:
1. Gözleriňize zeper ýetirmegi mümkin
Sosial mediýa birnäçe sagat göz aýlanyňyzdan soň gözüňiziň birden bulaşandygyny duýsaňyz, derrew telefony goýuň-da, uklamaga çalşyň. Smartfonyňyzy ukydan öň ulanan halatyňyzda, wagtyň geçmegi bilen has uly meselä öwrülip bilýän göz gabagynyň alamatlary ýüze çykar. Gözleriňizi goramak üçin smartfonyňyzyň ekranynyň ýagtylygyny peseltmäge synanyşyň.
2. Ukyňyz bozulyp biler
Ýatmak üçin ýeriňize geçeniňizde, täzelikleri okamaga biraz wagtyňyzy sarp edip bilersiňiz. Ýöne bu endik zyýansyz däl. Telefonyňyzy ýatjak wagtyňyz ýakynyňyzda goýmak maslahat berilmeýär, çünki bu ýagdaý gowy ukyny almazlygyñyza sebäp bolup biler. Smartfonyňyzyň ýagtylygy diňe bir görüşiňize täsir etmän, eýsem, saglygyňyz babatda hem kynçylyklary döredip biler.
3. Boýun agyrysyna sezewar edip biler
Ekrana seretmek üçin kelläňizi öňe egseňiz, boýnuňyzyň myşsalary dartylyp, agyry döredýär. Telefonyňyza seretmän ýatmagy göz öňüne getirip bilmeýän bolsaňyz, myşsalaryňyzy gysmazlyk üçin telefony göz derejesinde saklaň.
4. Deriňiziň çalt garramagyna getirýär
Ukydan ozal telefonyňyza seretseňiz, boýnuňyzda çyzyklar we gyrmalar peýda bolup, sizi ýaşyňyzdan has uly görkezip biler.
Netijede, ýatmazdan ozal telefon ulanýarsyňyzmy?
Bu endigi ýeňip geçmek siziň öz eliňizde!
Meýlis MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ mugallymy.