Sagdyn durmuşSlider

Suw we beden

30-06-2022 / 36

Adam bedenindäki öýjükleriniň düzüminde suw uly orny tutýar. Şol sebäpden bir gije-gündiziň dowamynda  adam bedenine 2 litr suw hökmanydyr.

Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, adam günde 2 litr suw içýär. Tomus aýlarynda bolsa bu talap has-da artýar.  biZiň suwuklyk görnüşinde içýän agyz suwumyzdan başga-da, miweler, gök önümler, ir-iýmişler, mesge we beýleki önümler arkaly 0,5 litr töweregi suwuklygy kabul edilýändigi ylym subut etdi.

Adam bedenine suw ýetmezçilik eden halatynda iýmit siňdiriş, gan emele geliş bozulýar. Bedeniň gyzgynlygy kadaly ýagdaýda saklanmagynda-da suwuň hyzmaty uludyr.Ol öýjüklerde biohimiki hadysalaryň bolup geçmegini üpjün edýär. Böwrek, içege, deri, öýken arkaly  endamdaky zyýanly maddalary daşa çykarýar.

Kadaly ýagdaýda adam günde 2 litre golaý suw ýitirýär. Ol derlände, buşuganda, dem alanda, adamyň teninden zyýanly galyndyly alyp çykýar. Şoňa göräde onuň öwezini doldurmak hökmanydyr. Köp mukdarda suw ýitirilende deri guraýar, salparýar, mürşerýär, myşsalar guraýar. Suw ýetmezçilik degna ulgamyna hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Ünssüzlik, aljyraňlylyk, gaharjaňlyk, iç gatama ýaly ýagdaýlar peýda bolýar.

Bedeniň umumy agramynyň 2 göterimine barabar suw ýitirilende adam teşneligi duýýar, bu görkeziji 6-8 göterime ýetende ýarym bihuş ýagdaýa düşýär. Bedendäki suwuklygyň ýitgisi 10-20 göterime ýetende bolsa adam ömrüne howp abanýar. Ýeri gelende aýtsak, suwuň bedende artykmaçlygynyň hem saglyga ýetirýän zyýanlary bardyr. Mysal üçin ýürek, böwrek, endokrin bozulmalary kesellerinde suwuň artykmaçlygy zyýan ýetirip bilýär. Şol sebäpden suwy kadaly ulanmagy maslahat berilýär.

Maýsa ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň matematika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu