
Tomus aýlarynda howanyň temperaturasy ep-esli ýokarlanýar. Bu möwsümde dezodorantyň ulanylmagy, düzüminde himiki maddalar bolandygy sebäpli oňaýsyzlyga getirip biler. Dezodorantdan has täsirli we tebigy formula: «limon we karbonat garyndysy».
Yssy howanyň halas edijisi hasaplanýan dezodorantlar, birnäçe himiki maddalary öz içine alýar. Gönüden-göni ulanylýan we bedeniň üstünde uzak wagtlap durýan dezodorant, wagtyň geçmegi bilen allergiýanyň döremegine-de sebäp bolup biler.
Saglyk we daşky görnüş taýdan bu ýakymsyz ýagdaýy başdan geçirmezlik üçin has tebigy usullary saýlap seçmek mümkin.
Sagdyn we has elýeterli dezodoranty özüňiz ýasap bilersiňiz.
Deri ysynyň tebigy çözgüdi – limon we karbonat garyndysy
Her gün agşam ýatmazdan ozal ýa-da irden öýden çykmazyňyzdan 10 minut öň ulanyň! Şeýlelikde, bu garyndyny yzygiderli ulanan halatyňyzda, netijesini tiz wagtyň içinde görersiňiz!
Akmuhammet GYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.