Bu resept ähli ýertudana söýüjiler üçin. Ýertudananyň ýapraklarynyň we baldaklarynyň iýilýändigini bilýärdiňizmi? Olary zibil gutularyna taşlamagyň ýerine has peýdaly ýertudana sirkesini taýýarlaň!
Ýertudana sirkesiniň taýýarlanylyşy
Gerekli önümler:
1/2 käse ýertudana ýapraklary;
1/2 stakan ak sirke ýa-da üzüm sirkesi;
Gaplamak üçin 1 banka.
Taýýarlanylyşy:
Ýertudana sirkesini taýýarlamak iň amatly wagt ýertudananyň oňat bişen wagtydyr.
Ýapraklary ak sirke ýa-da üzüm sirkesi bilen birlikde banka salyň. Azyndan 2 gün otag temperaturasynda saklaň. Reňki gyzyl reňke öwrüleninden soňra ony adaty sirkeler ýaly ulanyp bilersiňiz.
Eýsem, ýertudana sirkesiniň peýdalary näme?
• Ýertudana antioksidantlara, witaminlere we minerallara baý miweleriň biridir.
• Ýertudana sirkesi wiruslary öldürýär.
• Agyz boşlugyndaky ýaralaryň öňüni alýar.
• Bedeniň has janly görünmegini üpjün edýär.
• Ýertudana sirkesi deriniň kemçiliklerine garşy hem ulanylýar. Düwürtiklerden dynmak üçin kömek edýär.
Pälwan RESULOW,
TMÝG-nyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.