
Her bir çaga tozga bilen oýnamagy halaýar. Tozganyň tohumlary bolsa şol çagalaryň, şemalyň we beýleki täsirleriň kömegi bilen ähli ýere, hatda birnäçe kilometrlere ýaýraýar.
Tozganyň gül kellesinde 100-e golaý tohumlar birleşen bolýar. Tozgalar biz üçin diňe bir gyzykly güýmenje bolman, onuň peýdaly taraplary hem bardyr. Tomus paslynyň gelmegi bilen, adam bedenine dürli peýdaly witaminler zerur bolup durýar. Onuň üçin gök-bakja ekinleri we miweler ulanylýar.
Tozganyň peýdalary barada aýtsak, ol dermanlyk we örän peýdaly ösümlikdir. Köp sanly kesellere garşy bejeriş ähmiýeti uludyr. Tozga ýaz aýlarynyň başynda ösüp başlaýar we gülleýär. Soňra güýz paslynyň ahyrynda ýaşaýyş möhletini tamamlaýar. Gadymy döwürlerde bu ösümligi işdäni açyjy hökmünde, şeýle hem aşgazan kesellerini bejermekde ulanylypdyr. Onuň diňe ýaşajyk ýapraklary we kökleri peýdalanylypdyr. Ol adam bedeninde madda çalşygyny gowulandyrýar.
Ösümligiň düzüminde ýagny ýapragynda, beýleki synalarynda karotinoidler, C, B2, B6, P witaminleri şeýle hem demir, kalsiý, fosfor elementleri bar. Şol sebäpli ol köp ýurtlarda taýýarlanylýan işdäaçarlarada goşulýar.
Internet maglumatlary esasynda
taýýarlan Gülbahar MARATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.