PsihologiýaSlider

Käbir kesellere gylyk-häsiýetimiz sebäp bolýar

23-06-2022 / 33

Dünýä lukmançylygynyň täze gazananlarynyň tassyklamagyna görä, adamyň käbir kesellere sataşmagyna özüniň gylyk-häsiýeti we edýän pikirleri sebäp bolýar.
Duýgularyny jylawlap, ony akylynyň ygtyýaryna salyp bilýän, her bir zadyň agramyny ölçäp, bolmalysy ýaly baha kesýän adam hak zady görýär, düz ýoly saýgarýar we hakykaty gazanýar. Onuň mydama şähdi açyk, keýpi çag, jany tut ýaly sagat bolýar. Çyn ýürekden şatlanyp bilýän kişileriň uzak ýaşaýandygy hakynda lukmançylyga degişli ylmy çeşmelerde hem kän ýatlanylýar. Biziň ýörelgelerimiz deňagramlylyk esasynda gurlandyr. Joşgunlaryň möwjemegi we duýgularyň gozgalaňa düşmegi iki sebäp bilen ýüze çykýar: çakdanaşa begeneniňde we agyr ýagdaýa ýoluganyňda. Atalar sözlerinde hem «Eliňizden giden närsä gynanmaň we bagyş edilen närse bilen şatlanyp gitmäň» diýen söz bar. Gaýgyly we şatlykly pursatlarynda duýgularyna erk edip bilýän adam ýanbermezlik we durnuklylyk mertebesine mynasypdyr. Ol bu häsiýetleri bilen rahatlyga, bagta we bol-telkilige ýeter, nebsinden üstün çykyp bilendigi üçin hiç haçan ynsabynyň öňünde ejir çekmez. Durmuşyň kanunlaryna düşünýän akylly-başly kişiler şatlykda we begençde, gaýgyda we hasratda özlerini endigan, birsyhly durnukly alyp barýarlar. Hoş gününde şükür edýärler, kyn gününde sabyr edýärler. Gaharlanmak, öýke-kine ynsany halys ýadadýar we surnukdyrýar. Bolgusyz pikirler onuň rahatlygyny bozýar, ukusyny gaçyrýar. Bir zada aşa begense, sapa-lezzetlere çümýär. Bagtyýar çagy şatlykly duýgulardan ýaňa özüni unudýar. Eserleriň birinde şeýle sözler bar: «Dostuňy öz çäginde söý, günleriň birinde duşmanyň bolup galmasyn. Duşmanyňy öz çäginde ýigren, günleriň birinde dostuň bolup galmasyn».
Söýgi adamlary owadanlaşdyrýar, salykatlaşdyrýar. Birek-birege mähirli, mylakatly bolup, hoş sözüňi gysganmajak bolmaly. Adama agyr günde-de, gowy günde-de hoş söz edil howa ýaly gerekdir. Bu dünýede adamdan gowy at, gowy söz galýandyr.

Dürsultan ROZYKULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Farap etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu