Ir zamanlarda bir kerpiç örüji ussa ýaşaýarmyşyn. Onuň galdyran ymaratlaryny bir ýola synlan üşükli kişi, gözi kaklyşandan “Bu jaý pylan ussaň elinden çykan bolmaly” diýip ýalňyşman kesgitleýär eken. Bu ussa şägirt bolup, hünär öwrenmäge höwesekler gaty köp bolanmyşyn diýýär. Hatda alys ýoldan gatnamak kyn bolýar diýip, olaryň ussanyň ýaşaýan obasyna göçüp gelenleri-de bolanmyşyn.
Zehinli kişileriň aglabasyna mahsus bolşy ýaly, bu ussa-da bir töwra häsiýetli eken. Ol işe gijä galyp gelseň, şol bir manydaky soragy üç gezekden köp gaýtalasaň halamandyr. Ussanyň bu häsiýeti erjelligi pes, saly gowşak şägirtleriň käbirlerine ýaramandyr. Hatda olaryň içinde başga halypa gol ýapyp, gidenleri-de bolupdyr.
Kakasynyň pikirine eýerip, bu ussadan tälim alýan ýigitleriň biri her gün agşamlyk işden dolanyp, nägile halda hüňürdeýärmişin.
— Kaka, salgy beren ussaň bolşuna çydar ýaly däl. Jynly ýaly-laý, ol. Şu sapar-a ýylgyrsa gerek diýip, oglanlar bilen dilleşip, eşiden gürrüňlerimizi aýdyp berýäs weli, göwni bir ýaly. Gaýta, bedredäki laýy dessine boşadyp, öňküsinden çalt işleýär. Men-ä başga bir ussa şägirt duraýsam diýýän, käte-käte.
Kakasy oglunyň sözüni diňläp, her sapar şol bir sözüni gaýtalaýarmyşyn.
— Oglum, kyn işiň bähbit diýlen zat bilen çörňeşýänini durmuş görkeze-görkeze gelýär.
Şu halypaň derejesindäki başga bir ussa häli-häzir-ä ýok. Gülüni söýen tikenini hem söýmeli bolar.
Şu gürrüňden soň hepde geçipdir, aý geçipdir. Bir gün ýigit keýpiçag halda öýüne dolanypdyr.
— Kaka, şu gün ussanyň ýanyna alysdaky obalaryň birinden täze ymarat galdyrmak isleýän adam geldi. Ussa ony meniň ýanyma getirip tanyşdyrdy. Soňundanam: “Siziň jaýyňyzy şu oglan salyp berer! Özü-de mendenem has çalt, has gelşikli edip salar. Sebäbi bu häzire çenli ýetişdiren şägirtlerimiň iň zehinlisi, iň ussady, iň ynsaplysy” diýdi. “Gülüni söýen, tikeninem söýer” diýenlerine indi düşündim — diýip, ýigit begenjini gizlejegem bolmandyr.
Nabi ALIÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
ajaýyp