
Ýumurtganyň gaýnadylan görnüşi beloga, kalsiý elementine diýseň baý hasaplanýar. Gaýnadylan ýumurtga suwuny dökmegiň peýdasy barada eşidipdiňizmi? Geçirilen barlaglaryň netijesinde, diňe bir ýumurtganyň özi däl, eýsem, onuň gabyklarynyň we gaýnadylan suwunyň hem köp zat üçin peýdalydygy anyklanylypdyr.
Siz hem gaýnadylan ýumurtga suwuny dökýänlerden birimi? Onda ýumurtga suwuny dökmän, onuň peýdalary bilen tanyş boluň!
Bu suw osteoporoz we süňk agyrylary üçin örän peýdalydyr. Ýumurtgany gaýnadýan suwuňyzda ýumurtganyň düzümindäki kalsiýdan hem köp kalsiý bar diýilýär. Şol sebäpli hem gaýnadylan ýumurtganyň şiresi osteoporoz we süňk agyrylary ýaly keseller üçin peýdaly. Ýönekeý suwuň ýerine derek öýde ösdürýän ösümlikleriňize gaýnadylan ýumurtga suwuny guýsaňyz ösümlikleriňizi janlandyrmak we iýmitlendirmek üçin ýeterlikdir.
Has janly we ýalpyldawuk saçlar. Gaýnadylan ýumurtga suwuny saçyňyza çalyň. Belok köp mukdarda suwda gaýnadylanda ol eräp, saçyňyzyň has janly görünmegine ýardam eder. Gury saçlar üçin bolsa derman hasaplanýar.
Eger-de gap-gaçlaryňda yz galan bolsa ony aýyrmak üçin gaýnadylan ýumurtga suwuny ulanyp bilersiňiz. Şeýlelik bilen yzlaryň ýok bolandygyna göz ýetirersiňiz.
«TürkmenGazet».