Ählimiziň halaýan iýmitimiz bolan şokoladyň taryhyna ser salanymyzda, Günorta Amerikada kakao ösümligini ösdürip ýetişdiren ilkinji adamlar maýalylar diýip pikir edilýär. Ilkinji gezek 1502-nji ýylda kakao bilen ýüzbe-ýüz bolan ýewropaly şahsyýet Hristofer Kolumbdyr. Kakao syrly görünýän badam hasaplanýar.
Gara şokolad iýmegiň peýdalary:
- Beýniniň funksiýalaryny işjeňleşdirmek arkaly öwrenmegi aňsatlaşdyrýar hem-de düşünjäni artdyrýar.
- Sport maşklaryna başlamazdan ozal gara şokolad bilen gatyk ýa-da kofe içilende, energiýa berip, maşkyňyzy has täsirli edýär.
- Içindäki süýümleriň kömegi bilen doýmak duýgusyny berýär we iýmek islegini çäklendirýär. Şeýlelik bilen horlanmaga-da goşant goşýar.
- Gara şokolad bagt gormonlaryňyzy işjeňleşdirýär.
- Gan basyşy deňleşdirýär we holesteriniň peselmegine ýardam edip ýüze çykyp biläýjek käbir kesellerden goraýar.
- Süýji keseline duçar bolan adamlar gara şokolady kadaly ýagdaýda iýmek bilen gan şekeriniň ýagdaýyny kadalaşdyryp bilerler.
Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.