Sagdyn durmuşSlider

Tibet medisinasy: ýigdelmegiň syry

08-06-2022 / 15

1971-nji ýylda Tibete guralan ekspedisiýanyň barşynda alymlar buthanalaryň birinde palçykdan ýasalyp, ýüzüne ýigdelmegiň gadymy hytaý gomeopatik serişdesiniň taýýarlanylyşy barada maglumaty tapdylar. Biziň eýýamymyzdan 4-5 müň ýyl ozalky döwre degişli bolan bu ýazgynyň mazmunynyň terjimesini okyjylara hödürleýäris.

Bu melhemlik serişdesi adam bedenini ýag we hek galyndylaryndan arassalaýar, bedende maddalaryň çalşygyny mese-mälim gowulandyrýar, şonuň netijesinde damarlar çeýeleşýär. Bu bolsa infarkt, stenokardiýa, skleroz, ysmaz ýaly keselleriň, dürli çişleriň emele gelmeginiň öňüni alýar, görüş gowulanýar.

Taýýarlanylyşy

Bu melhemlik serişdesini taýýarlamak üçin 350 gram sarymsagy mazaly arassalamaly we ýuwmaly, soň maýdajyk dograp, bir gapda agaç çemçe bilen mynjyratamaly. Soň emele gelen garyndynyň düýbünden, ýagny suwlurak ýerinden 200 gramyny alyp, çüýşe gaba salmaly. Soň üstüne 96 % spirtiň 200 ml. guýmaly. Gabyň agzyny ýapyp, garaňky salkyn ýerde 10 gün saklamaly. Şondan soň garyndyny dykyz dokalan matadan süzmeli, matada galanyny sykyp, suwuny almaly.

2 günden soň bejergä başlamaly. Munuň üçin 50 ml. sowuk süýdüň üstüne melhemlik serişdesinden şu aşakdaky tablisada görkezilen mukdarda damja damdyryp, her nahardan 15-20 minut öň içmeli:

Içmeli mukdary (damja)

Içmeli günler                       ertirlik günortan agşamlyk 

1-nji gün                                   1              2           3

2-nji gün                                   4              5            6

3-nji gün                                    7             8           9

4-nji gün                                  10            11          12

5-nji gün                                  13            14         15

6-njy gün                                 15           14         13

7-nji gün                                  12           11          10

8-nji gün                                   9            8            7

9-njy gün                                  6            5           4

10-njy gü                                  3          2 1

11-nji gün                                25        25        25

Soňra melhemlik serişde tamamlanýança her naharda 50 ml sowuk süýdüň üstüne 25 damja damdyryp içmeli.

Bejergini 3-5 ýyldan gaýtalamaly.

Taýýarlan Aýsultan JUMANAZAROWA,
Türkmenabat şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu