Sagdyn durmuşSlider

Keçäniň gudraty

08-06-2022 / 24

Keçäniň ýylysy dürli keselleri bejermäge kömek edýär. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat bar.

Gadym zamanlarda gum içindäki türkmen obalarynyň birinde bir eneli-gyz ýaşapdyr. Bu gyz owadanlykda obanyň ähli gyzlaryndan saýlanypdyr. Obanyň ähli adamlary akgöwünliligi, ýüregi ýukalygy, mylaýymlygy üçin bu gyzy diýseň eý görüpdirler. Ýöne, garaşylmadyk ýerden bu gözel gyz keselleýär. Ejesi onuň derdine derman tapjak bolup, bir ýerde tebip bolsa, aýlanyp çykýar. Emma olaryň hiç biriniň gyza kömegi ýetmeýär. Birden, obadaky adamlaryň biriniň ýadyna uzakdaky dagda ýaşaýan we ähli keselleri bejerýän goja düşýär. Derdi agyr biçäre ene dessine gojanyň gözlegine çykýar.

Gojanyň aýdan sözleri enäni geň galdyrýar: «Her näçe gynansam-da, men seniň gyzyňy bejererden ejiz. Bu keseliň hiç hili dermany ýok, diňe seniň özüň gyzyňa kömek edip bilersiň. Öýüňe baraňsoň, öz eliň bilen goýun ýüňünden dykyz, ýyly örtünje taýýarla hem-de gyzyňy şoňa dola. Enşalla, seniň yhlasyň keselden üstün çykar».

Gyzynyň gutuljakdygyna umyt dörän ene öýüne tarap howlugýar. Goňşularynyň hemmesi kömege ýygnanýar, her bir maşgala ýarawsyz gyzyň «şypa kürtesine» öwrüljek ýüň keçäni taýýarlamak üçin ellerinden gelen kömegini berýär. Ene gyzy üçin kalbynyň bar mährini siňdirip, ýukadan gelen, şeýle berk, şeýle dykyz örtünje taýýarlaýar. Daň atmanka keçe taýýar bolýar. Ene örtünjäni düşekde ýatan näsag gyzynyň üstüne ýapyp gyzynyň başujunda uklap galýar.

Ene ukydan oýananda, gyzynyň gapdalynda oturandygyny görüp keselden gutulanyna çäksiz begenýär. Keçä siňdiren arzuwy, yhlasy hem-de mähir-muhabbeti gyzyň keselden gutulmagy üçin tapylgysyz derman boldy.

Jennet OMUROWA,
Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu