Limonyň gabygyny gün şöhlesiniň düşýän bir ýerinde guradyp alsaňyz, ajaýyp arassaçylyk serişdesine eýe bolarsyňyz. Bu guran gabyklaryň kömegi bilen ýagly aşhana enjamlaryny, farfor gaplaryny we pyçaklary arassalamak maslahat berilýär.
***
Elleriňize siňen soganyň ysyny kesilen ýeralmanyň kömegi bilen aýryp bilersiňiz. Munuň üçin elleriňizi ýeralma gowy edip süpürmeli. Ol soganyň ysyny zym-zyýat eder.
***
Tutularyňyzyň ilkibaşdaky durkuna gelmegini isleýän bolsaňyz, ony ýuwýan suwuňyza iki nahar çemçesi möçberinde şeker tozuny goşmak maslahat berilýär. Onuň siziň tutularyňyzy haýran galdyryjy derejede arassalajakdygyny görersiňiz.
***
Ütügiň aşagy hapalanan bolsa, sirkä batyrylan pagta bölegi bilen aýyrmak maslahat berilýär.
***
Otagyň içinde çüýşeden edilen bir gap döwlen halatynda howply çüýşe böleklerini toplamak üçin nemli pagta bölegi bilen döwükleriň syçran bölegini arassalamak maslahat berilýär. Şeýle edilende has kiçi bölekler hem pagta ýelmeşip, arassalanar.
***
Doňdurylan balygyň ýakymsyz ysyny aýyrmak üçin balygy bişirmäge başlamazdan ozal ony süýde batyryp almak maslahat berilýär. Sebäbi süýde batyrylan balykda ýakymsyz ysdan nam–nyşan galmaz.
***
Öýüňizdäki hrustal gaplaryň göze has ýakymly bolmagyny isleýän bolsaňyz, olary ýuwýan wagtyňyz tämizlik suwuna biraz sirke goşmak maslahat berilýär.
Enejan AGAMYRADOWA,
Halaç etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.