Mähribanlar, döwür çalt depginler bilen ösýär, özgerýär. Düýn «açyş» diýip pikir eden täzeliklerimiz, bu günki gün ähmiýeti azalýar. Düýn alada eden zatlarymyz, bu günki gün bir jinnik möhümligi bolmadyk adaty ýagdaýa öwrülýär. Wagt adamyň gowy günlerinem, erbet günlerinem yzda goýýar, wagtyň aýratyn pursatlary we döwürleri bolsa, taryha öwrülýär. Bular dogrusynda siz näme pikir edýärsiňiz. BLOG sahypamyzda pikirleriňizi paýlaşyp bilersiňiz…https://turkmengazet.com/blog/
Mähriban okyjylarym, ýakynda bir ussat žurnaliste duşdum. Onuň ussatlygy «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» derejesi bilen berkidilipdir. Onsoň, özüňden ökdäni görseň, aljyraberýäň, men hem gürrüňi nämeden başlajagymy bilmän, «Halypa, siziň ýazýan makalalaryňyzy, publisistik eserleriňizi, çeper oýlanmalaryňyzy ählijesini sypdyrman okaýaryn» diýdim, Ol hem «Goý, okama, näme etjek biderek zatlary okap, ondan peýdaly zatlary okarlar» diýip, ýylgyryp goýberdi. Soňra gürrüňimiz uzak gitdi. Garaz, gepiň tümmek ýeri, adam näçe ussat boldugyça ýene-de öwrenmegini dowam edýär, öwrenýär, kämilleşýär. Ýöne weli, hünärinde gowşajak adamlar bolsa, bilýänje zatlaryny şol gaýtalar durar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň arasynda özüne aşa göwniýetijiklik bilen garaýanlar gabat gelýär. Şular dogrusynda kimiň näme maslahaty we mysallary bar. https://turkmengazet.com/blog/
P.S. Mähribanlar, saýtymyza agza bolup, pikirleriňizi BLOG-da paýlaşyp bilersiňiz!
Men nadip sayyda makala cykaryp bilyan ginisleyin owredayin