Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Blog

Mähribanlar, döwür çalt depginler bilen ösýär, özgerýär. Düýn «açyş» diýip pikir eden täzeliklerimiz, bu günki gün ähmiýeti azalýar. Düýn alada eden zatlarymyz, bu günki gün bir jinnik möhümligi bolmadyk adaty ýagdaýa öwrülýär. Wagt adamyň gowy günlerinem, erbet günlerinem yzda goýýar, wagtyň aýratyn pursatlary we döwürleri bolsa, taryha öwrülýär. Bular dogrusynda siz näme pikir edýärsiňiz. BLOG sahypamyzda pikirleriňizi paýlaşyp bilersiňiz…https://turkmengazet.com/blog/

Mähriban okyjylarym, ýakynda bir ussat žurnaliste duşdum. Onuň ussatlygy «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» derejesi bilen berkidilipdir. Onsoň, özüňden ökdäni görseň, aljyraberýäň, men hem gürrüňi nämeden başlajagymy bilmän, «Halypa, siziň ýazýan makalalaryňyzy, publisistik eserleriňizi, çeper oýlanmalaryňyzy ählijesini sypdyrman okaýaryn» diýdim, Ol hem «Goý, okama, näme etjek biderek zatlary okap, ondan peýdaly zatlary okarlar» diýip, ýylgyryp goýberdi. Soňra gürrüňimiz uzak gitdi. Garaz, gepiň tümmek ýeri, adam näçe ussat boldugyça ýene-de öwrenmegini dowam edýär, öwrenýär, kämilleşýär. Ýöne weli, hünärinde gowşajak adamlar bolsa, bilýänje zatlaryny şol gaýtalar durar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň arasynda özüne aşa göwniýetijiklik bilen garaýanlar gabat gelýär. Şular dogrusynda kimiň näme maslahaty we mysallary bar.  https://turkmengazet.com/blog/

P.S. Mähribanlar, saýtymyza agza bolup, pikirleriňizi  BLOG-da paýlaşyp bilersiňiz!

Blog, Slider   , , , , ,

Haçan-da ýagyş ýagandan soňra howada ýakymly ys peýda bolýar. Käbir adamlar bu ysy “ýagşyň ysy” diýip hasaplaýarlar. Ýöne bu beýle däl.

Ýagyş suwdan ybarat. Suwda reňkiň we ysyň ýokdugy bize ozaldan mälim bolsa gerek. Ýagyşdan soňra topragyň gurluşyna we ösümlikleriň görnüşlerine görä dürli yslar emele gelip bilýär. Hut şol sebäpli-de, bu ys möwsüme ýa-da tebigata görä üýtgäp bilýär. Ýagyş ýagmagyny bes edenden soň daşky gurşawda emele gelýän çygly howa sporalary ýokaryk göterýär. Şeýlelik-de, howadan hoşboý, ýakymly bir ys emele gelýär. Ýagyşdan soňky ys geosmin atly himiki maddadyr.

Feruza JUMANIÝAZOWA,

S.A.Nyýazaow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Blog, Slider   ,

Robot mugallymy — kämil mehanizmler bilen enjamlaşdyrylan emeli intellekt ýa-da belli bir derejede özbaşdaklyga eýe bolan, iş gurşawynda hereket edýän, göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirýän programmirlenen mehanizmdir. Ol çaganyň näme bilen gyzyklanýandygy we haýsy işiň peýdaly boljakdygy dogrusynda hem anyklamaga ukyply. Şeýle-de ähli okuwçylaryň häsiýetini-de seljerýär, aragatnaşyk stilini her adama görä uýgunlaşdyrýar. Gollandiýaly alymlaryň geçiren tejribelerine görä, robotlar sapak wagtynda çaganyň ünsüni has köp özüne çekýändigi anyklanyldy. Bulardan başga-da kömekçi mugallym hökmünde önümçilige hödürlenýän robotlar hem bar. Beýle robotlar mugallymlar we metodologlar tarapyndan ýüklenýän maglumatlary okap bilerler, sapagyň dowamynda okuwçynyň bilimlerini hem barlap, sapagyň gidişine gözegçilik edip hem biler. Mysal üçin şeýle robot Germaniýanyň Marburg uniwersitetinde synag edilip görüldi.

Robot mugallymlaryň artykmaçlygy nämede?

  • Tükeniksiz gaýtalamak. Adamlar bilen deňeşdirilende robotlar şol bir temany köp gezek gaýtalamak bilen olar ýadawlyk duýmaýar.
  • Dostlukly aragatnaşyk. Emosional ýadawlygyň, duýgularyň ýoklugy sebäpli, robot säwlik bilen ýalňyşlyk goýbereniňde robotlar gülmeýär, okuwçynyň bilim derejesini kesgitläp, öwretmekden ýadamaýar. Bu ugurda angliýaly alymlar robotlaryň geljekde bilim infrastrukturasynyň aýrylmaz bölegine öwrüljekdigini öňe sürýärler. Muny geçirilen barlaglar hem subut etdi.

Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, dünýä ýüzünde 85 mln gowrak mugallym zähmet çekmek bilen, 2030-njy ýyla çenli ähli çagalaryň talabalaýyk derejede bilim almagy üçin ýene 68 mln töweregi gerek bolar. Şeýle ýagdaýda robot önümçiligini artdyrmak bilen mugallym sanynyň öwezini dolmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Eýsem-de bolsa, robotlar mugallymyň ornuny doly derejede tutup bilermi?

Elbetde ýok, çünki hiç bir robot ýa-da tehnologiýa adamyň akyl ýetiriş, döredijilik, ösen aň derejesinde kämilleşen däldir. Muny dünýä alymlarynyň ählisi-de biragyzdan tassyklaýarlar.

Bibijan MYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Blog, Slider   ,

Bu multiserial häzirki wagta çenli 39 dile terjime edilipdir. You Tube-da  iň köp görlen, ähli çagalaryň söýgüli multifilmleriniň birine öwrülen «Maşa we aýy» atly multiserialynyň döreýiş taryhy örän täsin.Onuň  You Tube-daky görlen sany takmynan 100 millarddan hem geçipdir.

Ähli zat 1996-njy ýyldan başlanýar. Rus animatory Oleg Kuzowkow «Maşa we aýy» atly multiserialyny döretmegi teklip edýär. Ol iki keşbi göz öňünde tutup, ýagny birinji keşbi edil ulular ýaly pikir garaýyşlara eýe bolan gyzjagazy, ikinji keşp hökmünde bolsa aýyny saýlapdyr.

Multiserialyň 2009-njy ýylda çykan bölümleri örän tiz wagtda çagalar auditoriýasy tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Häzirki wagtda hem çagalardyr ulular tarapyndan söýlüp görülýän bu multiserial diňe bir Russiýada däl, eýsem, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ispaniýada, Kanadada we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen bir hatarda dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem uly meşhurlyga eýedir.

Bu multiserialyň «Ýylyň iň gowy anime-seriallarynyň» sanawynda bardygyny hem aýtsak bolar.

«TürkmenGazet».

Blog, Slider   ,

Islendik dilde bolşy ýaly, rus diliniň hem özüniň rekordlary bar. Mysal üçin, rus dilindäki iň uzyn sözi alyp göreliň Ol şeýle okalýar: «превысокомногорассмотрительствующий». 

Söz 35 harpdan durýar we Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girizilen. Onuň näme aňladýandygy bilmek üçin birnäçe gezek okamak gerek. Bu ýerde gürrüň jemgyýetde ýokary derejeli, akylly, parasatly we seresap adam barada gidýän bolmaly. Bu sözüň okalyşy sanawajy okan ýaly bolup eşidilýär.

TürkmenGazet.

Blog, Slider   , , , ,

Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagydyr.

Indi 26 ýyl bäri türkmen topragynda Bitaraplyk güni her ýyl dabaraly ýagdaýda şowhunly, şagalaňly bellenilýär. Goý, toý-baýrama beslenen Diýarymyz güllesin, össün! Başlarymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni bolan Bitarap türkmen döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun!

TürkmenGazet.

Blog, Siziň üçin...   , , , ,

Aşgabadyň 140 ýyllygyna

Seýran etsem köçeleriňe Aşgabat… ýa-da “Aşgabat hakynda aýdym”

Gün-günden gözelleşýän gözel paýtagtymyz Aşgabat hakda näçe söhbet etseň az ýaly. Ak mermerli belent binalary, oklaw ýaly göni şaýollary, gezseň göwnüň açylyan gözel seýilgähleri taryplamaga söz ýetenok. Aýratyn hem “Ylham” seýilgähi Aşgabadyň görküne görk goşýar.

Aşgabady wasp etmedik şahyrlar, kompozitorlar ýok bolsa gerek. Hoş owazly aýdymçylarymyz bolsa, ol eserleri täzeligi bilen halkymyza ýetirýärler. Aşgabat hakynda aýdymlaryň içinde özüniň owazynyň belentligi bilen, sözleriniň çeperligi bilen tapawutlanýan eserleriň biri hem “Aşgabat hakynda aýdymdyr”. Bu ajaýyp aýdymy Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, meşhur kompozitorymyz Nury Halmämedow belli şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna geçen asyryň 60-njy ýyllarynda döredipdir. Aýdymyň ilkinji ýerine ýetirijisi, SSSR-iň halk artisti, “türkmeniň bilbili” adyny alan ussat aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň belent owazy Türkmen telewideniýesinde we radiosynda ýaňlananda, aýdymy jadylanan ýaly, aňk bolup diňleýäris:

Seýran etsem köçeleriňe Aşgabat,
Sallanyşýan gelin-gyzlaryň bardyr!
Köňüller mülküniň baky köşgi abat,
Säherler ýaňlanýan sazlaryň bardyr!
Bilbiller şeýda edýän ýazlaryň bardyr!

Aşyklar şährine aşyk men başdan,
Çar paslyň bahardyr, nam ýokdur gyşdan.
Saňa myhman gelse ýakyndan-daşdan,
Supra ýaýsaň, halal duzlaryň bardyr.

Görküň-bezegiňdir howaly baglar,
Belent ymaratlar, tämiz otaglar.
Sende ömür sürseň hoş geçer çaglar,
Bilbiller şeýda edýän ýazlaryň bardyr.

Saz ugrundan ýokary bilim alan sazanda hökmünde, bu aýdymyň adamlaryň köňlüni heýjana salmagynyň syrlary hakda oýlanýarsyň. Bu ajaýyp eseriň turuwbaşdan çalt depginde, frac{5}{8} ölçegde başlanmagy diňleýjileriň ünsüni özüne çekýär. Her bendiň soňunda aýdymçynyň partiýasynda “heý-heý, Aşgabat” diýip gaýtalanyp gelmegi, aýdyma özboluşly bezeg berýär. Aýdyma simfoniki orkestriň sazandarlyk etmegi bolsa, eseriň şowhunyny hasam artdyrýar.

1970-nji ýyllarda, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynda okaýan döwründe bu ajaýyp aýdymy simfoniki orkestr bilen ýazgy edipdir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bolsa, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmen döwlet simfoniki orkestri bilen, Atageldi Garýagdyýew dürli konsertlerde bu owazly aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2012-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Nury Halmämmedow. Fortepiano we wokal sazlary” atly kitabynda “Aşgabat hakynda aýdym” notasy bilen çap edildi.

Ýakynda belleniljek Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaralarynda hem, bu ruhubelent aýdymyň owazy belentden ýaňlanar diýip tama edýärin!

 

Sewil ZIÝADINOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.

Blog, Sport   , , ,

Beýik Pyragynyň keşbi aýdym-sazlarda

Biziň bagtyýar zamanamyzda türkmen edebiýatyny we sungatyny ösdüren ussat ýazyjydyr şahyrlarymyza, bagşydyr kompozitorlarymyza uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilenб 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny bellemek üçin uly taýýarlyklar görülýär. Beýik şahyryň ajaýyp goşgulary türkmen bagşy-sazandalaryny, kompozitorlaryny joşduryp gelýär.

Türkmen kompozitorlarynyň Pyragynyň goşgularyna döreden aýdymlarynyň arasynda Çary Nurymowyň “Armanym galdy”, Orazgylyç Gurbannyýazowyň “Boýlaryňa” atly aýdymlary aýdym-saz muşdaklarynyň ýüreklerine ýol ýasady. Söýgüli kompozitorymyz Nury Halmämmedow bolsa beýik şahyryň şygyrlaryna “Pukaraýam”, “Yzlamaýan bolarmy?”, “Uýat eýleýir”, “Solupdyr pygan bilen”, “Gözel Şirgazy”, “Soňudagy” atly romanslar tapgyryny döretdi. Kompozitor Ýazgylyç Aşyrow hem beýik söz ussadynyň sözlerine 5 romansdan ybarat “Meňli” atly wokal toplumyny döretdi.

Beýik şahyrymyzyň keşbini simfoniki orkestriň serişdeleriniň üsti bilen ilkinji bolup beýan etmek bagty Türkmenistanyň halk artisti, professor Aşyr Kulyýewiň paýyna düşdi. Ol 1948-nji ýylda, entek Moskwanyň P.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap ýören wagty “Magtymguly” simfoniki poemasyny döretdi. Türkmen saz sungatynda uly yz galdyran halypa kompozitorlarymyzyň ýene biri Weli Muhadow 1974-nji ýylda döreden “Magtymgulynyň ýadygärligine” diýip atlandyran 1-nji simfoniýasynda akyldar şahyryň ajaýyp keşbini owazlaryň üsti bilen diňleýjilere ýetirmegi başardy.

Türkmen simfoniýasynyň naýbaşysy hasaplanýan bu eserde Weli Muhadow şahyryň ýaşan XVIII asyrynyň çylşyrymly döwrüni, onuň erkinlik, watanperwerlik, halallyk hakyndaky pikirlerini, Meňli gyza bolan pynhan duýgularyny simfoniki orkestriň saz gurallarynyň dürli owazlarynyň kömegi bilen beýan edýär. Ýokarda adyny agzan aýdym-saz eserlerimiz biri-birinden çeperçilik çözgütleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýar.

Biziň ajaýyp döwrümizde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymdyr romanslar we simfoniki eserler konsertlerde, teleradioýaýlymlarda yzygiderli ýaňlanyp, halkymyzyň ruhy dünýäsine öçmejek nagyş bolup çaýylýar.

 

Irina LÝAPINA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň umumy fortepiano bölüminiň mugallymy.

Blog, Habarlar   , , ,

Ak bagta badalga gunduz binalaň,

Arşyň nury gözellikden paý saňa.

Al süýt kimin aklygy ak sabalaň,

Bolubilmez asyl-asyl taý saňa,

Seni gören şahyr bolup,

Gürläberer goşgulap,

Aşgabat!

*****

Arkadagyň ylhamyndan dörän sen,

Arzuwly ertekä meňzeýäň aşa.

Aýdym tapar ak ýoluňdan ýöränler,

Aşyklaryň yşgy getirer joşa.

Çünki sen söýgüsiň,

Dälsiň başga zat,

Aşgabat!

*****

Baglaňda bilbilleň ajap mesgeni,

Mukamyndan bahar geler heýjana.

Asmana göterler çaga sesleri,

Watan beslenende şöhrata-şana,

Şükür iller aman,

Ýurdumyz abat,

Aşgabat!

*****

Penjireden ak durnalar bakanda,

Toýnuk gurap, buşlap ajap çagyňy,

Ýene-de aýdymlar joşar jahanda,

Wasp edip Diýary, Arkadagyňy,

Muňa pasyl gonar,

Sazy keşdeläp,

Aşgabat!

*****

Ene ýerde sadap monjuk hamala,

Dür kysmy kamatyň gözleriň nury,

Şan getirip bu berkarar zamana,

Uzasyn eýýama ak ýollaň ugry,

Sen bilen türkmeniň,

Kalp köşgi abat,

Aşgabat!

 

Gülşirin HANOWA,

şahyr.

Blog, Göwün küýsegi   ,

Ýöremeli ýollarym kän, kert ine!

Ýazýan, pozýan, olam süýji dert-ine!

Uçradym men yşgyň agyr derdine,

Habaryň barmy?

 

*****

 

Ýagyş ýagýar- hyýallarym ezildi,

Gözýaşlarym bir hatara düzüldi,

Men ýüreksiz ýaşap ýörün- üzüldi,

Habaryň barmy?

 

*****

 

“Toba!” diýsin, Hak bereniň az bilen,

Söýüpdim men seni ýürek, aň bilen,

Söhbet kylýan indi diňe Aý bilen,

Habaryň barmy?

 

*****

 

Ömür geçip gitse, gitsin ýel ýaly,

Açylaryn ýene-de men gül ýaly,

Ýöne häzir ýaşap ýörün güň ýaly,

Habaryň barmy?

 

*****

 

Ömür diýer, bir gün: “Ahy:r boldum men”,

Yşgyň ýollarynda zahyr boldum men,

Ýaza-ýaza ahyr şahyr boldum men!

Habaryň barmy?

 

Ogultäç ORAZTAGANOWA,

şahyr.

Blog, Göwün küýsegi   , , ,

Parahat zeminiň üstünde dogup gelýän güni synlanyňda şahyryň şu sözleri zybanyňa gelýär:

 

Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,

Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.

Bu dünýäňe ähli mahsus zatlaryň,

Senden sowlup geçmeýänine monça bol.

 

Durmuşda ýetilen we ýetilmeli arzuwlaryň hasyl bolmagyny isleýän ynsan hemişe bagtyň gözleginde. Eýsem bagt näme? Bu jümle elbetde hemmä tanyş bolsa gerek. Ählimiziň muny gazanmaga bolan ymtylşymyz çagalykdan başlanýar. Özbaşdak pikirlenme hadysasy adam aňynda dörän gününden bu söz özüniň ornuny ynsanyň kalbynda we her bir ädiminiň sebäbinde ýaşaýar. Dünýäde näçe ynsan bar bolsa, haýsy kärde bolanlygyna garamazdan, bu duýgyny öz durmuşynyň baýdagy etmäge ymtylýar. Her bir edýän işiniň netijesini, ömür ýolunyň mazmunynyň pellehanasyna bagt adyny berýär. Göze görünmeýän ýöne her bir ynsany özüne ymtyldýan bu duýgy hemmä gyzykly. Durmuşda käbirleriniň pikirine görä adamyň arzuwynyň amala aşan ýerinde onuň bagty başlaýar diýip pikir ýöredilýär. Eýsem bagt adama haçan berilýär ýa-da ony her kimiň özi gazanmalymy? Hemmämiz üçin gyzykly bu sowala okyjylarymyz arkaly göz ýetirmegi maksat edinip, olaryň redaksiýamyz bilen aragatnaşygyny has-da pugtalandyrmak we öz pikirlerini ildeşlerimiz bilen paýlaşmaklaryna mümkinçilik bermegi makul bildik. Çünki ýer ýüzünde näçe ynsan bar bolsa şonçada häsiýet we şonça-da pikir bardyr.

Hormatly okyjylar, biziň salgymyza öz pikirleriňizi, garaýyşlaryňyzy ýollap biz bilen ýakyn aragatnaşykda bolup bilersiňiz. Siziň pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz biz üçin wajyp hem-de gyzykly. Şonuň üçin pikirleriňizi beýan etmäge ýaýdanmaň we çekinmäň. Biziň döredijilik işgärlerimiz sizden geljek hatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

TÜRKMENgazet redaksiýamyz ýörite siziň syrdaşyňyz, ýakyn dostuňyz bolmak üçin, “BLOG” atly sahypany açdy. Bu sahypanyň üsti bilen, giriş edip, pikirleriňizi, hekaýalaryňyzy, suratlaryňyzy, wideolaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz, mähribanlar!

Şeýle-de biz bilen ýörite elektron we ýerli  poçtalaryň üsti bilen baglanyp bilersiňiz.

turkmengazet.zenan2021@gmail.com

abdyrasulowa1806@gmail.com

 

Saýtyň administrasiýasy.

Blog, Habarlar   , , , ,

Mähriban TÜRKMENgazet.com internet sahypamyzyň okyjylary,

“Maksat-ýatda galmak däl, ýürekde galmak” şygaryny kalbyna siňdiren TÜRKMENgazet redaksiýasynyň agzybir döredijilik topary size minnetdarlyk bildirýär: Internet sahypamyz ýurdumyzyň çäginde ilk onluga girdi. Ýagny, häzirki wagtda TÜRKMENgazet 9-njy orunda öz ýerini aldy.

Döränine az wagt geçmegine garamazdan, okyjylarymyzyň goldamagy bilen halk arasynda tanalmaga başladyk. Emma biz munuň bilen çäklenemizok. Çünki, biziň maksadymyz, siziň her biriňize ýetmek we her biriňiziň ýakyn syrdaşyňyz we maglumat çeşmäňiz bolmak. 

Häzirki wagta çenli saýtymyz ýurdumyzyň täzeliklerini, şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň goşgudyr makalalaryny, şeýle-de psihologiýa, millilik, gözellik, žurnalistiň sahypasy, tagam taýýarlamak ýaly, maglumatlary size diňe türkmen dilinde ýetirip gelýär.

Ýakyn wagtda TÜRKMENgazet internet sahypamyz rus dilinde hem maglumatlary size ýetirip başlar. 

Biziň maksadymyz- ýadyňyzda galmak däl, ýüregiňizde galmak….

 

TÜRKMENgazet.

Blog, Habarlar   , , , , ,

Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlaryň biri okuwçylaryna özleriniň isleg-arzuwy, geljekde kim bolmak isleýändikleri barada düzme ýazmagy tabşyrypdyr. Sapak gutarandan soňra, mugallym okuwçylaryň ýazan düzmelerini öýde okamak üçin ýany bilen alyp gaýdypdyr. Okuwçylaryň ýazan her bir düzmesi mugallyma ýiti täsir edipdir. Olaryň arzuwlary, islegleri sadadan aýdyň, şol bir wagtda hem yürek gozgaýjy eken. Mugallym şol düzmeleriň birini okanda welin, nädip gözüne ýaş aýlanandygyny özi hem duýman galypdyr. Şol wagt gapydan giren ýanýoldaşy näme sebäpden aglaýandygyny sorapdyr. “Ine, şu ýazylan düzme meni aglamaga mejbur etdi. Ony özüň hem okap gör” diýip, elindäki düzmäni ýanýoldaşyna beripdir. Düzmäniň mowzugy: “Meniň telewizor bolasym gelýär”. Ol okamaga başlapdyr: “Meniň şu dünýäde ýekeje islegim bar. Meniň telewizora öwrülesim gelýär. Telewizor ýaly ýaşasym gelýär. Men öz öýümizde telewizoryň ornuny tutasym gelýär. Goý maşgalam meniň daşyma üýşüp otursyn. Men olaryň esasy üns merkezinde bolaýyn, olar başga tarapa seretmän, sözümi bölmän diňe maňa üns bersinler, diňe meni diňlesinler. Hat-da telewizoryň öçük wagty hem onuň daşyny, ýüzüni süpürişdirip, serenjam berip, alada bilen gurşaýyşlary ýaly maňa hem ähmiýet bersinler. Kakam işden ýadap geleninde, onuň ýanynda men bolaýyn. Ejem bir zada gynanyp otyrka, onuň ünsüni bölýän men bolaýyn. Doganlarym we jigilerim maňa ýakyn oturmak üçin dawalaşsynlar. Men maşgalamyň ähli zerur işlerini bir ýana goýup, hut meniň üçin ýanymda oturýandyklaryny duýaýyn. Men olary ýadawlygyndan açaýyn, begendireýin, dynç almaklaryna kömek edeýin.”

Ýanýoldaşy bu düzmäni okapdyr- da, başyny ýaýkapdyr: “Her ýerde çagasyna seretmeýän, üns bermeýän ene-ata bar” diýipdir. Mugallym aglamjyrap oturşyna şeýle diýipdir: “ Ýöne, bu biziň öz oglumyzyň ýazan düzmesi…”.

 

Rus dilinden terjime eden:
Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Blog, Žurnalistiň sahypasy   ,

Dünýä ýüzünde almanyň 7500-den gowrak sortlary belli bolup, olaryň biri-de “Gara göwher” ady bilen tanalýan gara reňkli alma sortydyr. Almanyň bu sortunyň daşky gabygynyň reňki garamtyl hem-de az kem ýalpyldawuk. Almanyň şeýle reňkiniň bolmagy biraz geň bolup görünse-de, ol hakykat.

Bu alma deňiz derejesinden 3100 metr belentlikde ýerleşýän Tibet daglaryndaky bagda ösdürilýär. Bagyň meýdany 50 gektardan gowrak bolup, bu ýeriň aýratyn hem özboluşly howa şerti almanyň bu sortunyň ösmegi üçin amatly ýer bolup durýar. Almalar günüň dowamynda Gün şöhlesini has köp alýarlar, şol sebäpli-de gabygynyň reňki gyzyl reňkden goýy garamtyl-gyzyl reňke öwrülýär.

Daşyndan göräýmäge göwher ýaly owadan hem täsin. Geçen ýyl bir möwsümde “gara göwheriň” 50 müň tonna hasyly ýygnaldy. Özboluşly aýratynlygy sebäpli bu alma çäkli mukdarda diňe Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Guançžou ýaly şäherleriniň söwda nokatlarynda satylýar. Özüniň biologiki aýratynlyklaryna görä, gara alma sowuk howa şertlerine hem-de mör-möjeklere garşy durnukly bolup, düzümi hem peýdaly minerallara, witaminlere baýdyr. Onuň tagamy hem adaty almanyň tagamy bilen deňeşdirilende has-da tagamlydyr.

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Blog, Žurnalistiň sahypasy   , , ,

Halkymyzyň medeni mirasy özüniň köp öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Şeýdip hem owadan keşdedir-nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyryp gelýärler. Şeýle gözellikleri özünde jemleýän nepis türkmen halylarydyr, gülli keçeleri, nagyşly lybaslary, gül tahýalary eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary hökmünde arzylanýar.

Çeper elli zenanlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleri özüniň öwüşginliligi, milliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Şol ajaýyp keşdelerde türkmen tebigatynyň aňyrsyna gözýetmez sähradyr-sonarlaryny, gül-gunçaly ýaşyl meýdanlarynyň özboluşly keşbini synlamak bolýar. Inçelik bilen mähir diňdirilip ýerine ýetirilen milli nagyşlar bolsa, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Türkmen maşgalasynda gyz bäbejik dünýä inende hem, onuň ulalansoň çeper elli, tikin-çatyndan başy çykýan, “elinden dür dökülýän” tüýs türkmen gyzy bolup ýetişmegi üçin ýagşy umyt edip, şeýle hüwdüdir-gazallary döredipdirler:

Hünärli gyz sepinde,

El hünärin getirer.

El hünärini synlap,

Il waspyny ýetirer.

Ýa-da bolmasa, “Kökli işim – görkli işim”, “ Köküm bar – görküm bar” diýen ýaly aýtgylar özüniň köp manylylygy bilen nesil terbiýesinde öz ähmiýetini saklaýar.

Häzirki döwürde çeper elli zenanlarymyzyň döredýän bu ajaýyplyklary döwrümiziň sesine ses, rowaçly menzillerimiziň badyna bat goşup, durmuşymyza gözellik nuruny çaýýar. Goý, bu gaýtalanmajak gözellikler toýly Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşsun!

 

Gyrmyzy SÖÝEKOWA,

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Blog, Trend we gözellik   , , , , ,
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com