Tebigat her bir gudratyny dürli reňkleriň üsti bilen açyp görkezýär. Ine, miweleriň we gök önümleriň reňklerine görä peýdasy…
Miwe we gök önümleri peýdaly häsiýetlerini görmek üçin pigmentleriň reňk dürlüligi üç görnüşde emele gelýär: mämişi we sary gök önümleri reňk berýän karotinoidler, gök we gyzyl reňkler bilen üpjün edýän flawonoidler hem-de gök öwüsýän hlorofil. Bu reňkli birleşmeler saglyga we iýmitlenmäge-de peýdalydyr. Eýsem, miwe we gök önümleriň reňkleri nämäni aňladýar?
Gyzyl we mämişi miwedir gök önümlerde C witamini beýlekilere garanyňda has köp bolýar. 159 gram gyzyl burç, size gündelik zerurlygyň iki essesinden 180 mg C witamini berýär. Bu bolsa C witaminine baý bolan apelsinden 25 milligram köpdür.
Demir derejäňizi ýokarlandyrmak isleseňiz, onda ýaşyly saýlaň. Mysal üçin, ysmanak gyzyl et bilen bäsleşýär, sebäbi 100 gramda 2,6 mg demir bar. Nohut demir üçin gowy çeşmedir, ýöne ösümlik esasly demiriň haýwan iýmitlerindäki ýaly aňsat sorulmaýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris!
Gök we gyrmyzy iýmitler tagamlaryňyza lezzetli bir tagam goşýar. Gök birleşme rak we ýürek kesellerinden gorap bilýän antosýanin atly güýçli antioksidantdyr. Onuň antioksidantlary oksidleýji stres, ýürek, rak we Parkinson keselleri ýaly birnäçe keselleriň irki çözgüdi bolup biler.
Ak gök önümleriň beýleki gök-önümler ýaly reňkli görünmese-de, olar gaty ýokumly bolup biler. Kelem we şugundyrda glýukozinolatlar diýlip atlandyrylýan birleşmeler bolup, ol düwnük keselinden goranmagy üpjün edýär. Sarymsakda we soganda polifenollar diýlip atlandyrylýan antioksidantlar bar. Olar dowamly çişmegiň öňüni almakda möhüm orny eýeläp biler. Ak noýba beloga, süýüme, B witaminlerine, kaliý hem-de demir çeşmesine baý hasaplanýar.
«TürkmenGazet».